Hil — esasy görkeziji

6 Maý 2024
411

Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasynyň işçi-hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dört aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemlediler. Kärhanada ýanwar — aprel aýlarynda 18 million 564 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 129,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýalaryna, döwrebap enjamlara ussatlyk bilen erk edýän işçi-hünärmenler ýylyň başyndan bäri ýörite buýurmalar esasynda müňlerçe jübüt aýakgaby öndürmegiň hötdesinden geldiler. Önümçilik işinde ulanylýan çig malyň ekologik taýdan arassa bolmagy önümiň hil görkezijilerine oňyn täsirini ýetirip, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. Kärhanada şu günler degişli ministrlikleriň buýurmalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, iş depgini barha ýokarlanýar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar