Elektroenergetika pudagy: döwrüň talaplary bilen täze sepgitleri nazarlap

6 Maý 2024
296

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary, täze elektrik geçirijiler gurulýar, öndüriji kuwwatlyklar ep-esli artdyrylyp, olaryň durky täzelenilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri kanunçylyk taýdan berkitmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýakynda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi-de munuň nobatdaky güwäsidir.

Elektroenergetika pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçiligi artdyrmak we sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna, şunda işleriň ekologik taýdan howpsuz bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işler ýurdumyzyň kanunçylygynda öz beýanyny tapmak bilen, olaryň ygtybarly we netijeli durmuşa geçirilmegi gazanylýar. “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bolsa energiýanyň tygşytlanmagyny höweslendirmegiň hem-de energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Täze Kanun umumy düzgünleri; energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini; umumy talaplary; bu ugurdaky maksatnamalary; energetiki barlagy; energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça döwlet goldawyny; degişli kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini hem-de ýangyç-energetika serişdelerinden netijesiz peýdalanylanda täsir ediş çärelerini; jemleýji düzgünleri özünde jemleýän 8 bapdan we 44 maddadan ybaratdyr.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar