Gadymy Änew — galkynyşlaryň mekany

6 Maý 2024
417

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykanda, «Höwri köp bolsun!» diýip alnymyza sylypdyk. Bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bitirilen işleriň jemlenmesi hökmünde ýüreklerde ýer aldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda neşir edilen täze kitap bolsa okyjylar köpçüligi üçin Diýarymyzyň şöhratyny artdyryp, halkymyzyň şanyna şan goşup gelýän Änew medeniýeti bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, täze taryhy döwürde türkmen halkynyň asyrlarboýy sünnäläp döreden maddy we ruhy gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Olaryň birnäçesi bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu wakalar gadymdan gelýän milli mirasymyzyň dünýä derejesinde yzygiderli tanyşdyrylmagy, wagyz edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy, ylmy-jemgyýetçilik, ensiklopedik, çeper eserleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hem şol kerwene goşuldy. Bu eserde türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyzyň medeni mirasy bilen baglanyşykly ýol-ýörelgesi dowam etdirilip, ygtybarly taryhy maglumatlar berilýär, Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änewiň gadymyýeti, şu güni hakynda gürrüňlerinden bölekler getirilýär.

Jepbarmämmet GÖKLEŇOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar