Lýuksemburg dünýäniň iň baý ýurdy

6 Maý 2024
278

Halkara pul gaznasy (HPG) tarapyndan dünýäniň iň baý ýurtlarynyň sanawy yglan edildi. Oňa laýyklykda, dünýäniň iň baý ýurdy hökmünde Lýuksemburg ykrar edildi. Sanawda bellenilişine görä, Lýuksemburgda jemi içerki önümiň ilatyň jan başyna düşýän mukdary 143,7 müň amerikan dollaryna deňdir.

Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginden degişli yzygiderlilikde, Makao (134 müň amerikan dollary), Irlandiýa (133,9 müň amerikan dollary), Singapur (133,7 müň amerikan dollary) we Katar (112,3 müň amerikan dollary) orun aldy.

Güljahan TUWAKOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 82-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar