Daşky gurşawa bagyşlanan bäsleşik

6 Maý 2024
426

Ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TMÝG-nyň welaýat Geňeşi, Türkmen oba hojalyk institutynyň «Daşky gurşawy goramak-durnukly ösüşiň möhüm Konsepsiýasy» atly ÝUNESKO kluby, welaýat Baş bilim müdirligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi hem-de Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilelikde welaýatymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Daşky gurşawy goramak» atly surat çekmek hem-de sergi bäsleşigini geçirdiler. Olarda gözel tebigatymyzy, baglarymyzy, daşky gurşawymyzy, haýwanat dünýäsini beýan edýän eserler görkezildi. Eminler topary sergä hödürlenen ähli işleri gözden geçirdiler. Gelnen netijelere görä, döredijilik bäsleşiginde orta mekdepleriň arasynda Daşoguz şäherindäki 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Dastanbek Alymow, Şabat etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Şyhnazar Täjimuradow, Görogly etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň okuwçysy Selbi Nurýagdyýewa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Jeýhun Gurdow, talyp ýaşlaryň arasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Orazgül Myratdurdyýewa, institutyň 4-nji ýyl talyby Albina Zakirjanowa, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Dilnaza Poladowa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Ogulşat Tahyrowa we beýlekiler üstünlik gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

Gunça SEÝIDOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar