Oňyn netijeler bilen aýdyň geljege

6 Maý 2024
330

Geçen hepdäniň şenbe güni milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Olarda hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümet mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň bolup, bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy. Diýarymyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, toplumlarda geçirilen maslahatlarda gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň anyk ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar