"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýol ýörelgeden başlanýar

Döwrüň keşbi belli-belli pursatlarda has aýdyňlygy bilen açylýar. Biz ýakynda şeýle pursatlaryň birbada ikisine şaýat bolduk. Olaryň ilkinjisi 28-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegidir. Munuň özi döwlet durmuşynda täze tapgyr, täze tejribe bolup, geljege gönügen iň nurana maksatlar bilen baglanyşyklydyr. Bu saýlawlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sesleriň 100 göterim köplügini alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bolsa hemmämizde çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi. Döwrüň keşbini özünde jemlän ýene-de bir möhüm pursat bolsa, öňňin, 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde milli Liderimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda döwletli Karara gol çekmegidir. Hut döwlet Baştutany tarapyndan şeýle başlangyjyň öňe sürülmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň täze röwüşde ýüze çykmasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň bu gaznanyň döredilmeginiň maksadyny beýan edende, Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine ýüzlenmegi aýratyn täsirli boldy:

Sebitiň dür-merjeni

Aşgabat — berkarar Watanymyzyň ýüregi, dünýä ýaň salýan döwletli başlangyçlaryň gözbaş alýan şäheri. Bu gün ak mermerli paýtagtymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär, meşhurlygy artýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanjak paýtagt şäherimiziň häzirki baýramçylyk keşbini synlamak ählimiz üçin ýakymlydyr, buýsançlydyr. Bir-birinden beýik, owadan köşgi-eýwanly ymaratlaryň öňündäki, şaýollarynyň çatrygyndaky, ýaşyl begresli seýilgählerdäki nyşanlardyr bezegler ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny alamatlandyryp, Aşgabadyň toý ruhuna beslenendigini dabaralandyrýar. Şeýle ajaýypdan görkana görnüşleri synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sagatlaýyn özgerýän baş şäherimize buýsanjyň goşalanýar.

Gözelligiň hem-de bagtyýarlygyň şäheri

«Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly toýlara, baýramlara beslenýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem gözel şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen belleniler. Bu bolsa biziň her birimizde uly buýsanç döredýär, kalplarymyzy şatlyk bilen gurşap alýar. Eziz ata Watanymyz ykdysady we syýasy taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, binagärlik babatda hem asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň paýtagty, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde Gündogaryň merjenine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýakyn ýyllar üçin bellenilen ýetilmeli sepgitler, aýratyn hem bina-gurluşyk işlerini ösdürmek barada kabul eden Kararlary ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygyna, öňde goýlan maksatlaryň örän tutumlydygyna şaýatlyk edýär. Aşgabat binagärlik, medeni hyzmat ediş, dynç alyş ugurlary boýunça dünýäde iň ajaýyp, döwrebap şäherleriň biridir. Durmuş we medeni maksatly binalaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, halkara ülňülerine laýyk enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň, döwrebap dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şäher gurmagyň ajaýyp nusgasydyr.

Merjen şäher — Aşgabat

Mermer binaly paýtagtymyzyň arassa howasyndan dem alyp, şäheriň gözelligini synlaýyn diýip ýola düşdügiň, ýakymly duýgular seriňe dolýar. Bir çetde durup synlasaň, baglarynda saýraýan guşlaryň sesi seni özüne bendi edýär. Binalarynyň ýalkymy güneş bilen bäsleşip, ajaýyp sazlaşyk emele gelýär. Goýny bahar-ýaza meňzedilýän şäherimiz kimleri öz menziline ugradyp, kimleri bolsa mähir bilen garşylaýar. Bu ýere gelen islendik myhmanda ýagşydan-ýagşy umytlar oýanyp, ýene-de gelsem, görsem diýen arzuwlar döreýär. Waspy şygyrlarda, aýdymdyr sazlarda belentden ýaňlanýan paýtagtymyz — ýylyň islendik paslynda-da tämiz hem owadan. Şeýle gözel şäherimiziň bardygyna bolan buýsanjymyz ýüreklerimize ylham hem joşgun berýär. Paýtagtymyzy altyn öwüşginli mekana öwürýän günlerimiz rowaçlygyň şuglasy bolup, kalplara nur çaýýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan, yhlasyndan kemal tapan beýik işlerden gülleýän, gül açýan gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurlygyna neneň guwanmajak?! 

Mili demokratiýanyň rowaçlanmagy

Bu Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda has aýdyň ýüze çykdy Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň saýlaw ulgamynda badalga berlen özgertmeler saýlawlaryň demokratik esaslarda geçirilmegini üpjün edýär. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilýän saýlawlar ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik ýörelgeleriň dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär.  

Garaşsyzlyk — şöhratymyz, şanymyz

Halkymyzyň şu günki ajaýyp durmuşy, ähli ugurlarda ýetýän belent sepgitleri, dünýä döwletleriniň arasyndaky uly at-abraýy mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň binýadydyr, berkararlygymyzyň, agtyýarlygymyzyň düýp esasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde röwşen geljege ynamly barýar. Milli ykdysadyýetimizde, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen bu ösüşler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň obalarynyň, şäherleriniň has-da gözel görke beslenmegi, medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň, desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Egsilmez joşguna beslendi

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak ýylynda Türkmenbaşy şäherinde täze, döwrebap ýyladyşhananyň ulanyşa berilmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ruhuna laýyk, ýokary derejede geçen hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda ata Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň bitirýän beýik işlerine  bolan buýsanç hem hoşallyk sözleri aýdyldy. Hususy işewürleriň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, telekeçilik pudagyny ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri barada söhbet edildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýürekleri joşduryp, göwünleri galkyndyrýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty özüniň beýik başlangyçlary, il-ýurt, umumadamzat bähbitli ägirt uly maksat-tutumlary bilen dünýäni haýrana goýýan parasatly milli Liderimize guwanýar, düýpli özgerişleriň amala aşyrylýan abadan ýurdunda ýaşaýandygyna hem-de özüniň şol özgerişlere dahyllydygyna buýsanýar.

Çynar

(Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ýürek sözüm) Bir ajaýyp jümle mydam ýadymda,Ýatlap ýörün ony her bir ädimde.

Dünýä deňelen düýe

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri gara mallar, dowardarçylyk bilen birlikde, düýedarçylygy ösdürmäge hem uly üns beripdirler. Düýe malyny hojalykda uzak menzillere ýük eltýän ulag hökmünde hem ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz onuň ýüňünden agar çäkmen, saçak, dürli ölçegdäki we ululykdaky bil guşaklaryny dokapdyrlar. Düýäniň süýdi, çaly, çemçebatmaz agarany jana şypa berip, ynsan saglygyna melhem bolupdyr. ªonuň üçinem halkymyz «Düýäm bar — dünýäm bar» diýipdir. Hormatly Prezidentimiz düýe süýdüniň, ondan taýýarlanylýan çalyň hem-de agaranyň ýokumly, jana şypa beriji melhemdigini, ynsan bedeni üçin örän ähmiýetlidigini nygtaýar.

Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri, gazhimiýa toplumyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan çäreler, ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýar

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda (rejelenen görnüşi)», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kan

Ak alkyşlar Arkadagyň adyna

Hormatly Prezidentimiziň 25-nji martda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň işe girizilmegine ak pata bermegi mynasybetli geçen anna güni welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri önümçilik edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, medeniýet-sungat işgärleri, şeýle-de il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda Milli bahar baýramynyň ýakymly täsiriniň gözel tebigatymyza üýtgeşik ýylylyk, ildeşlerimiziň kalplaryna özboluşly mähir paýlaýan günlerinde işe girizilen bu giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçilmek bilen, olaryň diňe bir ýurdumyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, azyk bolçulygynyň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ygtybarly hyzmat etjekdigi bellenildi.

Täze ösüş — ajap ykbal

Garaşsyzlyk ykballary özgerden senedir. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň kalbymyzda müdimilik bagt çyrasyny ýakdy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň, döwrebap özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler sanardan köpdür. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýän milli Liderimiziň döredýän mümkinçilikleri ýaş nesliň bilimler dünýäsine ynamly gadam urmagyna badalga berýär. Munuň üçin ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň, olaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza sarpasy, söýgüsi has-da artýar. Ýurdumyzyň haýsy mekdebine barsaň, ýaşlara döwrebap bilim berilýändigine göz ýetirýärsiň. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapýan beýik başlangyçlary bilen ylymly, hünärli ýaşlaryň sanynyň artmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, ýurduň ykdysady kuwwatynyň düýpli özgermegine täsir edýär. Ylym-bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagy bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilý

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

Garaşsyzlyk ýyllarynyň geçen taryhyna ser salsaň, onuň her bir gününiň, her bir aýynyň ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň we durmuş-ykdysady ösüşleriň janly şaýady bolan möhüm wakalardan, şanly senelerden doludygyna göz ýetirmek mümkin. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip arzuwlan Garaşsyz döwletimiz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, bagtyýarlyk bilen rowaçlyga eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimizde belent sepgitlere ýetilip, uly üstünlikler we ösüşler gazanylýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Garaşsyzlyk — kalplara ýylylyk, mähir, söýgi eçilen gudrat. Garaşsyzlyk — il-halky baky bagta ataran şamçyrag. Garaşsyzlyk — her bir türkmen ojagyna gonan bagt guşy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Gözel Türkmenistanym Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda öňümizdäki şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalardyr desgalaryň ençemesi bar. Şolaryň gurluşygynda hormatly Prezidentimiziň talabyna laýyklykda işler depginli alnyp barylýar.

Röwşen taglymat

Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, birek-birege ynanyşmagyň taglymatyna esaslanýar. Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu syýasat ata Watanymyzyň parahatçylykly ýol bilen durnukly ösüşine itergi berýär. Bu ýörelgäniň ösüşli döwrümiziň talaplaryna doly laýyk gelýändigini Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji aýlarynyň sepgitlerem subut edýär. Üstümizdäki ýylyň ajap eýýamymyzyň şanly ýyllarynyň biri boljakdygy guwandyrýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýy giňden bellenilip geçiler. Bu senä häzirden görülýän taýýarlyk çäreleri şu baýramçylygyň dabarasynyň alyslara aşjakdygyna güwä geçýär. Şeýle hem Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri bolar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň behişdi mekana, Bitaraplygyň, parahatçylygyň Watanyna öwrülýändigi sebäpli bu sene biz, ýaşlar üçin gymmatlydyr, mukaddesdir.

Garaşsyzlygyň otuzynjy bahary

Bu bahar — meniň hem otuzynjy baharym, Garaşsyzlyk nesilleriniň bagtyýarlyk bahary. Garaşsyzlygyň otuzynjy bahary — baky juwan hem berkarar Watanymyzyň güller açýan çagy. Onuň her bir güli merdana pederlerimiziň erkinlik, agzybirlik, parahatçylyk hakyndaky süýji arzuwlaryndan püre-pür. Onuň her bir pyntygy ösüşlere hyjuwdan, ýagty ertirlere umytdan doly. Bu baharyň ýaşyl dony — Gahryman Arkadagly döwrümizde abadan hem owadan ýaşaýşyň keşbi. Hormatly Prezidentimiziň şa diwanlarynda bu keşp «bahar gözelligi», «baharlaryň täzelenişi», «baharyň dabarasy», «baharyň joş urýan öwüşginleri» ýaly, şeýle şöhlelendirilýär: «Aslynda, ýaşaýşyň özi durky bilen täzelenişdir. Zemin hemişe owadan bolmaly, onda ýaz bägülleri burk urup, garyň astynda alabaharyň ilkinji gülleri ir säherlere gözelligini buşlaýar. Ine, şeýle sansyz gözelliklerde Zeminiň müdimi asudalygynyň tebigy mukamy ýaşaýar. Ajaýyp sungat eserleri hem şol mukama heňini goşanda, ynsan köňlüni ýaşaýşyň gözelliginiň ebediligi nurlandyrýar».

Baldyzym — barlygym

(Mätäji hakyndaky hekaýalar toplumyndan) Annagylyçlaryň sawçysy yzyna gaýtarylansoň Annagülüň keýpi bolmady. Gül ýüzi saraldy. Gözüniň öňi halka atyp, gyzgylt öwsüp duran ýaňaklary solgun göründi. Hemişe timar berip ýören gara saçlary göwünli-göwünsiz tokgalanyp taşlanan gül dessesini ýada saldy. Hiç kim bilen sözleşesi gelmedi. Onuň ozalky şadyýanlygy zym-zyýat boldy. Oňa hiç kimiň hereketi ýaramady. Syr alyp, syr berişýän gelnejesi Maralam oňa indi bigäne ýaly bolup göründi. Bu ýagdaý öýdäkiler üçin onçakly üýtgeşik görünmese-de, Maral üçin geňdi. Baldyzynyň özi bilen sowuk-salalygyna birhili geňirgenýärdi.

Biz adamzadyň hyzmatynda

Bu jümläni internet sahypalarynyň birinde okadym-da: «Ynsanyň özünden başga oňa hyzmat edip bilýän kimkä?!» diýip, şol jümläniň aşak ýanynda ýerleşdirilen habar bilen tanyşdym. Görüp otursam, muny Ýaponiýanyň tehnologlary tarapyndan döredilen Asimo atly robot aýdan eken. Internet sahypasyndaky habaryň deňesinde ýerleşdirilen wideoýazgyny görüp, muňa hasam göz ýetirdim. Asimo oturanlara çaý getirýär, işdäaçar üçin gök önümleri kesişdirýär, pökgi oýnaýar, töweregindäkilere goşulyp tans oýnaýar... Eýsem, bu täsin dälmi?! Biz bu gürrüňe makalamyzyň soňragynda ýene-de dolanyp geleris. Häzir bolsa gözümiziň öwrenişen durmuş hakykatlaryna dolanalyň. Şu günki gün tehnikanyň ynsanyň durmuşynyň ähli gatlaklaryna galtaşmaýan ýeri ýok. Tehnikalaryň dürli görnüşleri bar, üstesine-de, olar günsaýyn diýen ýaly täzelenip, özgerdilip dur. Şu gün tehnikanyň bir görnüşi durmuşa ornaşdyryldymy, ertir onuň täze nesline garaşybermeli. Ylym ösdügi saýyn köp işler ynsanyň oturan ýerinde dolandyrylýar. Köp zat «eliň aýasynda» diýlişi ýaly, aglaba işler ýa düwmelerine ýa-da ýylmanak sensorlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Ine, «Akylly öýi» alyp göreliň. Öý «Akylly» diýlip gurlan hem bolsa, ony dolandyryjysyz göz öňüne getirip bolmaýar. Dolandyryjysam tehnika, elbetde, telefon ýa-da planşetdir. Öýde oturdylan dürli hyzmat ediji enjamlar öz işini olara barýan buýruk tolkunlary (Signal) arkaly ýerine ýe

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni,Ak şäherim Aşgabat!Dost-doganlyk merkezi,Ak şäherim Aşgabat! Köpetdagyň çeşmesi,Garagumuň keşdesi,Göýä ak gül dessesi,Ak şäherim Aşgabat!