Dünýä deňelen düýe

29 Mart 2021
1223

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri gara mallar, dowardarçylyk bilen birlikde, düýedarçylygy ösdürmäge hem uly üns beripdirler. Düýe malyny hojalykda uzak menzillere ýük eltýän ulag hökmünde hem ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz onuň ýüňünden agar çäkmen, saçak, dürli ölçegdäki we ululykdaky bil guşaklaryny dokapdyrlar. Düýäniň süýdi, çaly, çemçebatmaz agarany jana şypa berip, ynsan saglygyna melhem bolupdyr. ªonuň üçinem halkymyz «Düýäm bar — dünýäm bar» diýipdir.

Hormatly Prezidentimiz düýe süýdüniň, ondan taýýarlanylýan çalyň hem-de agaranyň ýokumly, jana şypa beriji melhemdigini, ynsan bedeni üçin örän ähmiýetlidigini nygtaýar.

Arazgeldi GURBANÝAZOW,
«Balkan».