Garaşsyzlygyň otuzynjy bahary

29 Mart 2021
1596

Bu bahar — meniň hem otuzynjy baharym, Garaşsyzlyk nesilleriniň bagtyýarlyk bahary. Garaşsyzlygyň otuzynjy bahary — baky juwan hem berkarar Watanymyzyň güller açýan çagy. Onuň her bir güli merdana pederlerimiziň erkinlik, agzybirlik, parahatçylyk hakyndaky süýji arzuwlaryndan püre-pür. Onuň her bir pyntygy ösüşlere hyjuwdan, ýagty ertirlere umytdan doly. Bu baharyň ýaşyl dony — Gahryman Arkadagly döwrümizde abadan hem owadan ýaşaýşyň keşbi.

Hormatly Prezidentimiziň şa diwanlarynda bu keşp «bahar gözelligi», «baharlaryň täzelenişi», «baharyň dabarasy», «baharyň joş urýan öwüşginleri» ýaly, şeýle şöhlelendirilýär: «Aslynda, ýaşaýşyň özi durky bilen täzelenişdir. Zemin hemişe owadan bolmaly, onda ýaz bägülleri burk urup, garyň astynda alabaharyň ilkinji gülleri ir säherlere gözelligini buşlaýar. Ine, şeýle sansyz gözelliklerde Zeminiň müdimi asudalygynyň tebigy mukamy ýaşaýar. Ajaýyp sungat eserleri hem şol mukama heňini goşanda, ynsan köňlüni ýaşaýşyň gözelliginiň ebediligi nurlandyrýar».

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.