Resmi habarlar gysga setirlerde

29 Mart 2021
918

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda (rejelenen görnüşi)», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi. Resminamalar «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde doly çap edildi.