Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

29 Mart 2021
920

Garaşsyzlyk ýyllarynyň geçen taryhyna ser salsaň, onuň her bir gününiň, her bir aýynyň ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň we durmuş-ykdysady ösüşleriň janly şaýady bolan möhüm wakalardan, şanly senelerden doludygyna göz ýetirmek mümkin. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip arzuwlan Garaşsyz döwletimiz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, bagtyýarlyk bilen rowaçlyga eýe bolýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimizde belent sepgitlere ýetilip, uly üstünlikler we ösüşler gazanylýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Garaşsyzlyk — kalplara ýylylyk, mähir, söýgi eçilen gudrat. Garaşsyzlyk — il-halky baky bagta ataran şamçyrag. Garaşsyzlyk — her bir türkmen ojagyna gonan bagt guşy.

Kuwwat SEÝDALYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.