Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine

29 Mart 2021
794

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri, gazhimiýa toplumyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan çäreler, ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Şeýle-de «Türkmen awtoban» paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda «Ulag hyzmatlary» ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmek hem-de bu ugurda hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler, 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasy, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.