Ak alkyşlar Arkadagyň adyna

29 Mart 2021
877

Hormatly Prezidentimiziň 25-nji martda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň işe girizilmegine ak pata bermegi mynasybetli geçen anna güni welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri önümçilik edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, medeniýet-sungat işgärleri, şeýle-de il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Hoşallyk maslahatynda Milli bahar baýramynyň ýakymly täsiriniň gözel tebigatymyza üýtgeşik ýylylyk, ildeşlerimiziň kalplaryna özboluşly mähir paýlaýan günlerinde işe girizilen bu giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçilmek bilen, olaryň diňe bir ýurdumyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, azyk bolçulygynyň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ygtybarly hyzmat etjekdigi bellenildi.