Egsilmez joşguna beslendi

29 Mart 2021
1007

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak ýylynda Türkmenbaşy şäherinde täze, döwrebap ýyladyşhananyň ulanyşa berilmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ruhuna laýyk, ýokary derejede geçen hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda ata Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň bitirýän beýik işlerine  bolan buýsanç hem hoşallyk sözleri aýdyldy. Hususy işewürleriň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, telekeçilik pudagyny ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri barada söhbet edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýürekleri joşduryp, göwünleri galkyndyrýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty özüniň beýik başlangyçlary, il-ýurt, umumadamzat bähbitli ägirt uly maksat-tutumlary bilen dünýäni haýrana goýýan parasatly milli Liderimize guwanýar, düýpli özgerişleriň amala aşyrylýan abadan ýurdunda ýaşaýandygyna hem-de özüniň şol özgerişlere dahyllydygyna buýsanýar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».