Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

29 Mart 2021
1010

Gözel Türkmenistanym

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda öňümizdäki şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalardyr desgalaryň ençemesi bar. Şolaryň gurluşygynda hormatly Prezidentimiziň talabyna laýyklykda işler depginli alnyp barylýar.