Baldyzym — barlygym

29 Mart 2021
1753

(Mätäji hakyndaky hekaýalar toplumyndan)

Annagylyçlaryň sawçysy yzyna gaýtarylansoň Annagülüň keýpi bolmady. Gül ýüzi saraldy. Gözüniň öňi halka atyp, gyzgylt öwsüp duran ýaňaklary solgun göründi. Hemişe timar berip ýören gara saçlary göwünli-göwünsiz tokgalanyp taşlanan gül dessesini ýada saldy. Hiç kim bilen sözleşesi gelmedi. Onuň ozalky şadyýanlygy zym-zyýat boldy. Oňa hiç kimiň hereketi ýaramady. Syr alyp, syr berişýän gelnejesi Maralam oňa indi bigäne ýaly bolup göründi. Bu ýagdaý öýdäkiler üçin onçakly üýtgeşik görünmese-de, Maral üçin geňdi. Baldyzynyň özi bilen sowuk-salalygyna birhili geňirgenýärdi.

Nowruz GURBANMYRADOW,
ýazyjy.