Gözelligiň hem-de bagtyýarlygyň şäheri

30 Mart 2021
982

«Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly toýlara, baýramlara beslenýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem gözel şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen belleniler. Bu bolsa biziň her birimizde uly buýsanç döredýär, kalplarymyzy şatlyk bilen gurşap alýar.

Eziz ata Watanymyz ykdysady we syýasy taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, binagärlik babatda hem asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň paýtagty, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde Gündogaryň merjenine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýakyn ýyllar üçin bellenilen ýetilmeli sepgitler, aýratyn hem bina-gurluşyk işlerini ösdürmek barada kabul eden Kararlary ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygyna, öňde goýlan maksatlaryň örän tutumlydygyna şaýatlyk edýär. Aşgabat binagärlik, medeni hyzmat ediş, dynç alyş ugurlary boýunça dünýäde iň ajaýyp, döwrebap şäherleriň biridir. Durmuş we medeni maksatly binalaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, halkara ülňülerine laýyk enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň, döwrebap dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şäher gurmagyň ajaýyp nusgasydyr.

Jemal MANAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.