Täze ösüş — ajap ykbal

29 Mart 2021
850

Garaşsyzlyk ykballary özgerden senedir. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň kalbymyzda müdimilik bagt çyrasyny ýakdy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň, döwrebap özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler sanardan köpdür.

Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýän milli Liderimiziň döredýän mümkinçilikleri ýaş nesliň bilimler dünýäsine ynamly gadam urmagyna badalga berýär. Munuň üçin ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň, olaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza sarpasy, söýgüsi has-da artýar. Ýurdumyzyň haýsy mekdebine barsaň, ýaşlara döwrebap bilim berilýändigine göz ýetirýärsiň. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapýan beýik başlangyçlary bilen ylymly, hünärli ýaşlaryň sanynyň artmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, ýurduň ykdysady kuwwatynyň düýpli özgermegine täsir edýär. Ylym-bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagy bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän bu özgertmeler geljekde has-da guwandyryjy netijeleri berer.

Bilbil JUMAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň mugallymy.