Sebitiň dür-merjeni

30 Mart 2021
834

Aşgabat — berkarar Watanymyzyň ýüregi, dünýä ýaň salýan döwletli başlangyçlaryň gözbaş alýan şäheri. Bu gün ak mermerli paýtagtymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär, meşhurlygy artýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanjak paýtagt şäherimiziň häzirki baýramçylyk keşbini synlamak ählimiz üçin ýakymlydyr, buýsançlydyr. Bir-birinden beýik, owadan köşgi-eýwanly ymaratlaryň öňündäki, şaýollarynyň çatrygyndaky, ýaşyl begresli seýilgählerdäki nyşanlardyr bezegler ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny alamatlandyryp, Aşgabadyň toý ruhuna beslenendigini dabaralandyrýar. Şeýle ajaýypdan görkana görnüşleri synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sagatlaýyn özgerýän baş şäherimize buýsanjyň goşalanýar.