"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Geljekki hünärmenler

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen geljekki hünärmenler täze okuw ýylyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Biz hem şeýle ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris: Nowruz NURBERDIÝEW,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünäriniň magistri:

Şatlyga beslenjek pursatlar

“Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesil hakda bimöçber alada edýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, terbiýelenmegine we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilýän ägirt uly üns-alada şeýle diýmäge esas berýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle-de täze okuw ýylyna görülýän ykjam taýýarlyk işlerinde hem ýaş nesil hakdaky alada aýdyň ýüze çykýar. Şanly günde täze, döwrebap bilim ojaklary toý ruhunda açylar, 1-nji synpa gadam basjak mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Bilimli” kompýuterleri gowşurylar. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň beýik watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçer. Bu bolsa, ýaş nesliň berkarar Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryna, eşretli döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrar.

Hasyl bolan arzuwym

Maral ÖWEZGELDIÝEWA,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: — Maňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň weterinar lukmany hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Begenjimiň çägi ýok. Geljekde türkmeniň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň milli mekdebindäki ähli öwredilýän sapaklary uly höwes bilen özleşdirip, türkmen halkynyň ajaýyp gymmatlygy bolan ahalteke atlarynynyň baş sanyny abat saklamakda, ahalteke we ýomut atlarynyň asyl bedew keşbini yzygider kämilleşdirmekde, tohumçylyk işlerini ylmy esasda guramakda özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Bilim almagyň giň mümkinçilikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmekde amala aşyrylýan uly işleriň ähmiýetini nygtaýar. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.  Ýaşlarymyza ýurdumyzyň we dünýäniň iň kämil ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenmekleri üçin döredilýän oňaýly şertler hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek» diýip, ýaşlara mynasyp bilim-terbiýe bermegiň ähmiýetini nesihat edýär.

Ajaýyp sowgat

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, ählitaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriň hatarynda özüni tanadýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde milli bilim ulgamy dünýä standartlaryna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Birinji synpa baryp, bilim dünýäsine gadam basýan körpe raýatlaryň her birine noutbuk kompýuterleriniň hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Ildeşlerimiz ýaş nesliň bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky döwletli işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ýagşy arzuwlaryň miwesi

Her bir adam çagalygyndan ene-atalarynyň  mährine eýlenen watansöýüjilik duýgulary, öçmejek umytlarydyr ýürek arzuwlary bilen ýaşaýar. Biziň ýurdumyz iň arzyly arzuwlaryň amala aşýan, bagtly çagalygyň, bagtyýar ýaşlaryň mekany. Bu günki gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, kämil hünärli bolmak üçin ylymlar dünýäsine gadam basan kalby joşgunly ýaşlar munuň şeýledigine has aýdyň göz ýetirýärler. Çünki paýhasdan gaýdýan arzuwlaryň wysalyna gowuşmagy bilen, talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan doly. Talyp bolmak arzuw edilen bagtdyr, ýagty geljege çyragdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak hakdaky  arzuwlary hasyl bolan ýaşlaryň köňül buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Sähra BATYROWA,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby:

«Bi­lim­li» nout­buk­la­ry Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zdan sow­ga­t

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň 23-nji mar­tyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­ne öz ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len de­giş­li muk­dar­da­ky nout­buk komp­ýu­ter­le­ri­ni sa­tyn al­mak, 1-nji aw­gus­ta çen­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da gur­na­mak hem-de ola­ra teh­ni­ki taý­dan hyz­mat et­mek ba­ra­da «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy, şeý­le-de «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di. Şon­dan bä­ri ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da bu ugur­da dep­gin­li iş­ler al­nyp bar­lyp, de­giş­li we­zi­pe­ler do­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­dä­ki «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ag­zy­bir iş­çi-hü­när­men­le­ri öň­de goý­lan we­zi­pä­ni ab­raý bi­len ber­jaý et­mek üçin ba­da-bat tu­tum­ly iş­le­re gi­riş­di­ler. Olar bag­la­şy­lan şert­na­ma bo­ýun­ça önüm­çi­lik iş­le­ri­ni eý­ýäm tom­suň or­ta­ky aýyn­da ta­mam­lap, şu ýyl 1-nji syn­pa oku­wa bar­ýan ça­ga­la­ra Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň adyn­dan sow­gat be­ril­jek 155 müň 641 sa­ny «Bi­lim­li» ha­ryt ny­şan­ly nout­buk komp­ýu­ter­le­ri­niň ýa­ry­sy­ny — 77 müň 821-si­ni taý­ýar­la­dy­lar. Bi­rin­ji syn­pa oku­wa git­jek ça­ga­la­ra be­ril­ýän nout­buk­la­ryň ga­lan ý

Bi­lim — be­ýik gel­je­giň bin­ýa­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ady bi­len ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we bu ul­gam­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler­dir mu­gal­lym­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len aw­gust mas­la­ha­tyn­da ge­çen okuw ýy­ly­nyň je­mi jem­le­nil­di hem-de tä­ze okuw ýy­lyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň öňün­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ta­mam­la­nan 2023-2024-nji okuw ýy­lyn­da ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne çen­li bi­lim işi mil­li ýö­rel­ge­le­re, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ri­lip, bi­li­miň üz­nük­siz­li­gi, onuň äh­li de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li­li­gi üp­jün edil­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­ry­hy Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da 2024-2025-nji okuw ýy­lyn­dan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Baýram BÄŞIMOW,Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory:

Arkadagly nesiller 1-nji synpa barýar

Bu täze okuw möwsüminde hem ak mekdebiň goýnuna dolup, «ilkinji jaňyň» sesini ilkinji gezek eşitjek çagalaryň sany müňlerçe. Olar bilimler dünýäsine aýak basyp, mekdep partasynda ilkinji gezek oturjaklar. Täze alan okuw eşiklerini geýip, mekdep diýlen mähriban ojagyň gujagyna doljaklar. Şonuň üçinem çagalar bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki olar täze-täze dostlar, joralar tapynmagyň arzuwynda. Öň okap ýören okuwçylar bolsa, dynç alyş möwsüminden soň ýene-de eziz mekanyna dolanjaklar, az wagt gözlerinden uçan synpdaşlaryna, ýoldaşlaryna gowuşjaklar. Garasaý, çagajyklarda tolgunma-da, höwesem ýeterlik. Kimsi täze okuw möwsüminde hormatly Prezidentimiziň adyndan aljak kompýuter sowgatlary barada pikirde, kimleri bolsa indi tapynjak tanyşlary barada. Güljan Sopyýewa hem täze okuw möwsüminde Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň birinji synpyna barmaly. Ol maşgaladaky ikinji çaga. Dogany Aýjan hem şol mekdepde okaýar. Ol ikinji synpa gidýär. Jigisi Muhammetemir bolsa üç ýaşynda.

«Beýik işler bilime daýanýar»

Arkadag şäherinde bilim ulgamynda ýetilen sepgitler Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherindäki orta hünär, ýokary okuw hem-de umumybilim berýän mekdepler okatmagyň iň döwrebap tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Şeýle oňaýly şertler bar bolan şäherde bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlar ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Bizem talyp bolduk!

Hemra SEÝIDOW,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň milli at üstündäki oýunlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby: — Ata Watanymyz — arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy. Bu hakykat ýüzünde-de, öz durmuşymdan çen tutanymda-da şeýle. Çagalykda çybyk agajy at edinip oýun oýnamadyk oglan ýok bolsa gerek. Bu gün bolsa, şol çagalykda arzuw eden hünärim boýunça ýokary bilim almak, tebigat bilen sazlaşykly gurlan ajaýyp

Bilimli nesil — Watanyň geljegi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň, uzak möhletli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim edaralarynyň işi milli ýörelgelere we öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda barha kämilleşdirilýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem golaýlap gelýän täze okuw ýylyny guramaçylykly garşylamak üçin taýýarlyk işleri geçirildi.

Bazarlary bezeýän harytlar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde ýetip gelýän täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görülýär. Mekdep bazarlary diýseň köp adamly bolup, okuw esbaplaryna, egin-eşiklere, aýakgaplara aýratyn isleg bildirilýär. Şunda egin-eşik önümçiligi bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň hem mynasyp paýy bar. Bu ugurda tejribe toplan düzümleriň biri-de «Dowamly özgeriş» kärhanasy bolup, onda uly ýaşly adamlaryň ýyly sütükli gyş eşikleri, okuwçylaryň penjek, jalbar, köýnek toplumlary tikilip, alyjylara ýetirilýär. Önümçilige ornaşdyrylan döwrebap tikin maşynlary eginbaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmegine şert döredýär. Okuwçylar üçin niýetlenen köýnekleriň, jalbardyr penjekleriň her günde 800-den gowragy tikilýär. Şeýle-de sport egin-eşikleri müşderilere hödürlenýär. Harytlary mekdep bazarlaryndan elýeterli bahadan alyp bolýar. Aýakgap barada gürrüň edilende, öňi bilen, ýurdumyzda ilkinji bolup aýakgap öndürip başlan, 2003-nji ýylda işe girizilen «Röwşen» hususy kärhanasynyň önümçiliginde Italiýanyň döwrebap enjamlary ulanylýar. Arassa gönden tikilýän aýakgaplar ykjamlygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Her aýda 15 müň jübüte çenli aýakgap öndürilip, olar uly ýaşly adamlar, zenanlar, mekdep okuwçylary üçin niýetlenendir. Mekdep bazarlarynyň halkymyza hyzmat edýän döwründe «Röwşen» hususy kärhanasy okuwçylar üçin aýakgaplarynyň bahasyny belli bir derejede arzanlatdy. 1-nji

Bilim — täzelenişiň we döredijiligiň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglere esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin oňyn şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Häzirki zaman şertlerini, Diýarymyzyň ösüşiniň geljegini nazara tutmak bilen, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan köpeldilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri öwredýän fakultetler we kafedralar açylýar. Şeýle hem, gerek bolan ugurlar boýunça degişli hünärmenleri taýýarlamak üçin ýaş

Çagalaryň bagtyýarlygy — geljegiň ygtybarlylygy

Ýene-de sanlyja günden tomusky dynç alyş möwsümini tamamlan çagalardyr ýetginjekler 2024 — 2025-nji okuw ýyly üçin ak mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmegiň çäklerinde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 1-nji awgustdan bäri paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarda mekdep bazarlary raýatlarymyza dürli görnüşli okuw harytlaryny hödürleýär. Şeýle söwda nokatlary 1-nji synpa gadam goýýan körpeler, kiçi we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýär. Harytlaryň aglaba böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýurdumyzyň çäklerindäki islendik mekdep bazaryna aýlanyp göreniňde täze okuw ýyly üçin döwlete dahylly we hususy pudaga degişli kärhanalarda öndürilen çagalar üçin okuw eşikleriniň, dürli esbaplaryň satuwa çykarylan nusgalary göze gelüwliligi, owadanlygy, bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen importyň ornuny tutýan ýerli önümleri köpeltmekde ýerine ýetirilýän işleriň geriminiň barha giňeýändigini görkezýär. Mekdep bazarynda okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler bilen reňkdeş penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslar okuwçylarda uly höwes döredýär. Oglanlar hem bu

Ganatly göwünler galkynýar

Ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň diller dünýäsine bolan gyzyklanmam, erjellik bilen çeken zähmetim ýyllarboýy eden arzuwyma ýetirdi. Häzirki wagtda mähriban halkymyzyň buýsanjy Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri ýurdumyzyň umumy ösüşleri bilen birlikde, bilimleriň dabaralanýan mekanlary hökmünde hem uly meşhurlyga eýedirler. Ýaşlarymyz türkmen dili bilen birlikde, iňlis, rus, nemes, fransuz, ispan we beýleki daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmek, bilmek ynsana pähim-paýhas eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri biziň her birimiz üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr». Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ýol-ýörelgelerine ygrarly bolup, okamagam, zähmet çekmegem bagtyýarlykdan nyşandyr.

Talyplyk — bagtlylyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin köpugurly şertleri döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň hem ykbalymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Maňa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu ýokary okuw mekdebinde okamak, bilim almak durmuşymda täze sahypany açar. Hünärime kämilleşip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine mynasyp goşandymy goşaryn. Biz — ýaşlar ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip belleýär. Halkymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni

Röwşen geljegiň binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Golaýlap gelen 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyrlaryň birine öwrüler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amal edilýändiginiň nyşany bolar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky» Karary bilim ulgamynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy.

Ak mekdepler gujak açýar

Ýene sanlyja günlerden ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uludan baýram ediler. Şol gün ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde hakydalarda orun aljak bu şanly senäniň belleniljek gününe hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şanly toýuň öňüsyrasynda geçen okuw ýylynda bilim ojaklarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda ýatlap geçsek, has-da ýerlikli bolar. Bilşimiz ýaly, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 396-synda ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe berilýär. Tejribeli, öz işine ussat mugallymlaryň çekýän zähmeti oňyn miwelerini berýär. Lebaply mekdep okuwçylarynyň bilimler äleminde gazanýan üstünlikleri-de muny aýdyň tassyklaýar. Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 10 — 11 synp okuwçylary her ýyl ýurdumyzda geçirilmegi däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 35-sini eýelediler. Ildeşlerimiz ýokarda ady agzalan bäsleşigiň çäginde geçirilýän ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiginde-de öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Welaýatymyzyň ýaşlarynyň halkara ders, internet olimpiadalarynda hem öňe saýlanýandyklaryny buýsançly nygtamak isleýäris.

Işjanly mugallym

Bilim ulgamynyň ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşup, ýaşlaryň çuňňur bilim, döwrebap terbiýe almagy ugrunda yhlasly zähmet çekýän mugallymlar az däl. Şeýle mugallymlaryň biri hem Kerki etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Ýaban Azizowdyr. Ýaban 1980-nji ýylda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlaýar. Şondan bäri hem öz göwün beren kärini uly höwes, jogapkärçilik bilen dowam etdirip, ýaş nesle bilimdir terbiýe berip gelýär.