Hasyl bolan arzuwym

30 Awgust 2024
116

Maral ÖWEZGELDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby:

— Maňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň weterinar lukmany hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Begenjimiň çägi ýok. Geljekde türkmeniň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň milli mekdebindäki ähli öwredilýän sapaklary uly höwes bilen özleşdirip, türkmen halkynyň ajaýyp gymmatlygy bolan ahalteke atlarynynyň baş sanyny abat saklamakda, ahalteke we ýomut atlarynyň asyl bedew keşbini yzygider kämilleşdirmekde, tohumçylyk işlerini ylmy esasda guramakda özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Beýleki habarlar