Bi­lim — be­ýik gel­je­giň bin­ýa­dy

29 Awgust 2024
81

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ady bi­len ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we bu ul­gam­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler­dir mu­gal­lym­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len aw­gust mas­la­ha­tyn­da ge­çen okuw ýy­ly­nyň je­mi jem­le­nil­di hem-de tä­ze okuw ýy­lyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň öňün­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ta­mam­la­nan 2023-2024-nji okuw ýy­lyn­da ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne çen­li bi­lim işi mil­li ýö­rel­ge­le­re, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ri­lip, bi­li­miň üz­nük­siz­li­gi, onuň äh­li de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li­li­gi üp­jün edil­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­ry­hy Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da 2024-2025-nji okuw ýy­lyn­dan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga be­ril­di.

Baýram BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory:

Beýleki habarlar