1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni

28 Awgust 2024
186

Röwşen geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Golaýlap gelen 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyrlaryň birine öwrüler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amal edilýändiginiň nyşany bolar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky» Karary bilim ulgamynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy.

Arazmämet ALLANAZAROW,
welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar