Şatlyga beslenjek pursatlar

30 Awgust 2024
130

“Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesil hakda bimöçber alada edýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, terbiýelenmegine we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilýän ägirt uly üns-alada şeýle diýmäge esas berýär.

Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle-de täze okuw ýylyna görülýän ykjam taýýarlyk işlerinde hem ýaş nesil hakdaky alada aýdyň ýüze çykýar. Şanly günde täze, döwrebap bilim ojaklary toý ruhunda açylar, 1-nji synpa gadam basjak mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Bilimli” kompýuterleri gowşurylar. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň beýik watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçer. Bu bolsa, ýaş nesliň berkarar Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryna, eşretli döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrar.

Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar