Ganatly göwünler galkynýar

28 Awgust 2024
105

Ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň diller dünýäsine bolan gyzyklanmam, erjellik bilen çeken zähmetim ýyllarboýy eden arzuwyma ýetirdi.

Häzirki wagtda mähriban halkymyzyň buýsanjy Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri ýurdumyzyň umumy ösüşleri bilen birlikde, bilimleriň dabaralanýan mekanlary hökmünde hem uly meşhurlyga eýedirler. Ýaşlarymyz türkmen dili bilen birlikde, iňlis, rus, nemes, fransuz, ispan we beýleki daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmek, bilmek ynsana pähim-paýhas eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri biziň her birimiz üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr». Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ýol-ýörelgelerine ygrarly bolup, okamagam, zähmet çekmegem bagtyýarlykdan nyşandyr.

Suraý HOJAMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar