"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ukyp-başarnygyň netijesi

Mary şäheriniň 51-nji çagalar bagynda geçirilen “Ýylyň terbiýeçisi — 2021” atly bäsleşigiň welaýat tapgyryna terbiýeçileriň 13-si gatnaşdy. Olar öz iş tejribelerini açyp görkezmek bilen okuw-terbiýeçilik we synp sagatlaryny guradylar. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Türkmengala etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Akgözel Durdyýewa ýeňiji boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Tejribeli terbiýeçileriň üstünligi

Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar zaman” obasyndaky 9-njy çagalar bagynda “Ýylyň terbiýeçisi — 2021” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry boldy. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan terbiýeçiler gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, terbiýeçiler okuw-terbiýeçilik we synp sagatlaryny geçip görkezdiler. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulgül Begmyradowa ýeňiji bolup, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Zehinliler ýeňiji boldy

Balkanabat şäheriniň 20-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa terbiýeçileriň 11-si gatnaşyp, olar öz iş usullaryny döredijilikli beýan etdiler. Iş tejribesi, sapak geçiş usuly boýunça aýratyn tapawutlanan terbiýeçiler öňe saýlandylar. Netijede, Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gunça Gylyçtaganowa 1-nji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Çagalarda zähmet endiklerini kemala getirmek

Körpede zähmet endiklerini kemala getirmek mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Guralýan sapaklarda olaryň zähmet endikleri bilen tanyş bolmagy üçin şertleri terbiýeçiniň döredip bermegi zerurdyr. Çagalara sapaklarda reňkli kagyzlardan, agaç we beýleki tebigy materiallardan, mata böleklerinden dürli zatlary ýasamagy, tikmegi öwretmek bolar. Mysal üçin, zähmet sapagynda körpelere bägül şekiljiklerini, ösümlikleri, miweleri, ýönekeýje geometrik şekiljikleri ýasamagy tabşyrmak bilen, olaryň özbaşdak işlemeklerini we pikirlenmeklerini taplap bolar. Çagalar ýasan oýnawaçlaryny dürli oýunlarda höwes bilen oýnaýarlar, olaryň käbirini öz gowy görýän adamlaryna sowgat berýärler.

Körpelerde sungata bolan söýgini döretmek

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz bimöçber aladalar edip, çagalaryň bilimli, ylymly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklaryny ulanmaga berýär. Şolaryň hatarynda çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler üçin hem bilim, terbiýe almakda birnäçe mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, biziň çagalar bagymyzda hem körpeleriň wagtlaryny gowy geçirmegi, ilkinji bilimlerini almagy, milli ruhda terbiýelenmegi üçin okatmagyň interaktiw usulyndan ýerlikli peýdalanylýar. Körpeler bu ýerde diňe bilim, terbiýe alman, eýsem, sungatyň, döredijiligiň ilkinji düşünjelerini hem öwrenýärler. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler eýýäm şol wagtdan özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp ugraýarlar. Olar surat çekmäge ýa-da aýdym aýtmaga höwesli bolýarlar.

Ýaşlara döwrebap bilim bermegiň ähmiýeti

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen beýleki pudaklar bilen bir hatarda ylma, bilime, Watanymyzyň geljegi bolan talyp ýaşlaryň has-da kämil, tutanýerli, erjel bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Milli Liderimiz “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň öňde goýýan esasy wezipämiz bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr” diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem kämil tehnologiýalaryň ösen döwründe bilim ulgamyndaky edilýän tagallalar barha artýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portaly pedagog-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň bilim işini ýerine ýetirmeginde uly ähmiýete eýedir. Sanly ulgamyň mümkinçiliginde döredilen bu bilim portaly ýokary okuw mekdebiniň çäginde talyplaryň özbaşdak bilim derejesini artdyrmagyna uly ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli kämil terbiýeli, ýokary ahlakly şahsyýetler edip ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Hut şonuň üçin hem pedagog-mugallym sapagyň guralyşyny we alnyp barlyşyny has-da baýlaşdyrmaly. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde okuw sapaklary umumy okuw, amaly okuw we tejribe sapaklary görnüşinde alnyp barylýar. Umumy okuw sapaklary döwrebap bilim berişiň esasy özeni bolup durýar. Umumy oku

Ösüşlere beslenýän ulgam

Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz ylymly, bilimli ýaşlary kemala getirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli çözgütleri esasynda gysga döwrüň içinde bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde, ýaş nesle bilim bermegiň hil derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirmekde giň gerimli işler amala aşyryldy. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny ulgama ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan giň möçberli tutumlara mynasyp goşant goşmaga ukyply, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gelýän orta mekdeplerdir çagalar baglary gurlup, olar kämil kompýuterler, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.

Körpelerde kitaplara söýgi döredýäris

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bilimli, arassa ahlakly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmek bolup durýar. Çünki şahsyýetiň kämilligi, ilkinji nobatda, terbiýeden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, milli medeni mirasymyzyň aýratyn orun tutýandygyny hemişe nygtaýar. Şonuň üçin hem biz körpelere terbiýe bermekde bu ugra aýratyn üns berýäris. Körpelere çeper eserleri, ertekileri okap bermek, eserleriň gahrymanlary hakynda düşünje bermek, şol gahrymanlaryň keşplerini janlandyryp görkezmek olaryň ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Milli terbiýede ene diliniň, edebiýatyň, aýdym-sazyň, şekillendiriş sungatynyň hyzmaty örän uludyr. Bu zatlaryň ählisi çaganyň dünýägaraýşynyň ösmegine hem-de onuň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna getirýär.

Ýaş zehinleriň ýaz joşguny

Suratkeşiň dünýäsi täsin dünýä. Onda gözelliklerden gözbaş alýan ajaýyp sungat eserleri döreýär. Bakan ýeriň gözellik eçilýän owadan Diýarymyzyň ajap jemaly, nurana tebigatynda gyşyn-ýazyn açylyp oturan elwan gülleri kalbyňa joşgun berip, döretjek eserleriňe ylham bagyşlaýar. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebimiziň ýaş zehinleri hem tebigatyň keşbini öz işlerine geçirmekde işjeňlik görkezýärler. Baharyň gelmegi bilen hasam ajaýyp görnüşe eýe bolýan gözel Diýarymyzyň görkana keşbini döredijiliginde wasp edýän okuwçylarymyzyň işleri täze gözlegler bilen baýlaşýar. Çeper döredijiligiň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, halyçylyk ugurlaryndan bilim alýan okuwçylarymyzyň işlerinde Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine, gülden görkli tebigatymyzyň ajaýyp görnüşlerine, milli gymmatlyklarymyza buýsanjy, mahlasy, bagtyýar nesilleriň ýürek joşgunlaryny görmek bolýar. Açyk howada surat çekmek dersini okuwçylarymyz bilen paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde, seýilgählerde geçmegimiz, ak şäherimiziň gözelliklerini şekillerde täsirli beýan etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyna syýahat etmegiň ýaşlary täze döredijilik gözleglerine atarmak bilen birlikde, olaryň watansöýüji, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeginde ähmiýeti uly. Okuwçylar bilen muzeýlerimize, taryhy-medeni ýadygärliklerimize gezelençleri gurap durýarys. Şöhratly tary

Terbiýe — ynsan bezegi

Türkmen jemgyýetinde milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda ahlak kadalarynyň öwrenilmegine, wagyz-ündew edilmegine we durmuşda giňden peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, ýaşlaryň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigini hemişe belleýär. Çaga terbiýesi jemgyýetiň inçelik bilen çemeleşilmeli jogapkärli wezipeleriniň biridir. Ata-enelerimiz öz perzentlerini süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, ynsaply, edep-ekramly, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji edip ýetişdirmegi ilkinji wezipeleri hasaplapdyrlar. Türkmen halkynda «Çaga — bag, ene-ata — bagban», «Edep altyndan gymmat», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Terbiýesiz çaga — baş öwredilmedik at» diýilýär. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi we terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär. Döwlet bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin, şeýle hem çaganyň goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli hukuklardan peýdalanmak boýunça şertleri döredip, olara ýardam bermegi öz üstüne alýar. Häzirki döwürde ahlak terbiýesiniň ähli ugurlarda talabalaýyk güýçlendirilmegini durmuş talap edýär. Halkyň ahlak kadalarynyň goralyp saklanmagy, wagyz-ündew işleriniň meýilnamalaýyn esaslarda talabalaýyk guralmagy j

Geljegimiziň berk binýady

Adamzat döräli bäri özüniň ýaşaýyş şertini, durmuşda tutýan ornuny kämilleşdirmäge ymtylypdyr. Kämilleşmek üçin bolsa, hökman, ösen ylym bilen milli medeniýete salgylanmak gerek. Hut şu gymmatlyklary ösdürmegi ündeýän Gahryman Arkadagymyz «Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Meniň baş maksadym dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny size elýeterli etmekden ybaratdyr» diýip bellemek bilen, Watanymyzyň beýik geljegini ylymly ýaşlarda görýär. Biz hem şol ýol-ýörelgeleriň adamyň şahsyýet bolup kemala gelmegine ýardam edýän gylyk-häsiýetlerini içgin öwrenip, ony ýaş nesillerimize geçirmelidiris. Türkmen halkynyň çuňňur baý medeni mirasy bar. Ýaş nesliň terbiýesinde-de şol medeni mirasymyzyň aýratyn orny bardyr. Her bir edim-gylymynda, milli terbiýesinde merdi-merdanalygy, dogruçyllygy, halallygy ündeýän halk döredijiliginden ertekilerimizi alanymyzda-da, halkymyzyň çaga terbiýesine irgözinden başlaýandygynyň şaýady bolýarys.

Zähmetsöýerlik — bagtyýarlygyň gözbaşy

Ata-babalarymyz çaga terbiýesine uly üns berip, bu işe maşgaladan başlapdyrlar. Olar ýaş nesilleri terbiýelemekde atalar sözlerinden, nakyllardan, pähim-paýhaslardan, şeýle-de türkmen durmuşynyň asylly ýörelgelerinden ugur alypdyrlar. Netijede, ýaş nesilleri terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu asylly, döwletli we jogapkärli işde Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitaby uly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu kitap halkymyzyň ruhy dünýäsiniň göwher täjine öwrülen nakyllardyr atalar sözleriniň, pähim-paýhaslaryň ýüzlerçesini özünde jemleýär. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda mynasyp ornuny tapan watançylyk, gahrymançylyk, edep-terbiýe, ahlak, ylym-bilim we hünär, zähmet hem-de tebigat bilen baglanyşykly öwüt-ündewleriň belli bahasy ýok. Her bir ynsanyň kalbyna melhem bolup siňýän şol öwüt-ündewler, pähimler il içinde ýagşy gylyk-häsiýetiň, merdanalygyň, edermenligiň, zähmetsöýerligiň bilen hormat-abraý almalydygyny ündeýär.

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan önümleri öndürmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini ýokary sepgitlere ýetirmekde bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini has-da çuňlaşdyrmak, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importuň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak hem-de hususy bölegi ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynda hem sanly ulgamy ornaşdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Körpeleriň pikirlenişini ösdürmek

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ösen aň-düşünjeli, kämil bolup ýetişmeklerini gazanmak her bir bilim işgäriniň jogapkärli borjudyr. Çagalary şu günüň möhüm wakalary, şanly seneleri bilen tanyşdyrmak we olar barada düşünje bermek örän zerurdyr. Bu işleriň bolsa mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanmagy hökmany ýagdaýdyr. Şu ýylyň taryhy senesine – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen baglanyşykly dabaraly çäreler barada uly toparlardaky çagalara gürrüň berip bolar. Munuň üçin terbiýeçileriň sapaklarda temalary taýýarlykly geçmegi gerekdir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy maksady çaganyň irki ýaşdan başlap, beden we akyl, ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Terbiýeçi çagalara terbiýe bermek işini olary irden kabul edip başlan wagtyndan oýlanyşykly meýilnamalaşdyrmalydyr. Körpelere sowat öwretmegiň olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda amala aşyrylýandygy sebäpli, olaryň mekdebe taýýarlanylýan döwründe hem özboluşly tapawut bardyr. Daşary ýurt dilleri boýunça lingafon otaglarynda okan çagalaryň sözleýiş ukyby çalt ösýär. Çaga ulaldygyça, onuň nerw ulgamynyň mümkinçilikleri artýar we berkeýär. Käbir çagalar akyl işine yhlasly bolup, olar ulaldygyça kynçylyklary özbaşdak ýeňip geçmäge ukyply bolýar.

Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ret­megiň esasy ugurlary

Da­şa­ry ýurt dil­le­ri öw­re­nil­ýän wag­ty okuw­çy­laryň kä­bir ýal­ňyş­lyk­la­ry goý­ber­mek­le­ri müm­kin. Bu dil öw­ren­mek­de ada­ty zat­dyr. Eger-de okuw­çy­lar ýal­ňyş goý­ber­me­se­ler, öz­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin yh­las et­mez­ler, has çyl­şy­rym­ly tekst­le­ri we ka­da­la­ry öw­ren­mez­ler. Öw­ren­mek işin­de mu­gal­ly­myň mä­hir­li gat­na­şy­gy, ähe­ňi olar­da gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär hem-de oku­wy­na tä­sir ed­ýär. Okuw­çy­la­ry hö­wes­len­dir­mek, yh­la­sy üçin oňat bahalandyrmak bol­sa oku­wyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar. Ýal­ňyş­la­ryň üs­tün­de iş­le­ni­len­de oňyn we gy­zyk­ly usul­lar­dan peý­da­lan­mak ze­rur­dyr. Aşak­da­ky kä­bir usul­lar iň­lis di­li mu­gal­lym­la­ry üçin peý­da­ly bo­lup bi­ler.

Bilim — üstünlikleriň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy beýik ösüşlere eýe bolýar. Ak mermere bürenen Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän mekdepler, çagalar baglary, sport we sagaldyş toplumlary gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap pikirlenip bilýän, ruhubelent, ýokary ahlakly bolmagy üçin edilýän aladalaryň aýdyň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ylym we bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan üstünlikler ajap eýýamyň beýik işleriniň rowaçlanmagyna ýardam berýär. Bagtyýar halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde hem ylym-bilime sarpa goýup, döredijilikli zähmet bilen dünýäniň maddy we ruhy gymmatlyklaryna ägirt uly goşant goşupdyr. Ylym we bilim ulgamyny dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk getirmek, ata Watanymyzyň şöhratly geljegi, halkyň bagtly durmuşy ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan kämil ahlakly, Watanyň bähbidini ilkinji orunda goýýan, halal zähmet çekýän, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi hem häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biridir.

Biologiýadan göçme okuw sapaklaryny guramak

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bagy-bossanlyga, gür baglyga öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzdaky botanika baglar abadanlaşdyrylýar, seýilgäh zolaklaryň sany köpeldilýär. Bir söz bilen aýdylanda, ýaşlar üçin ýurdumyzyň tebigatyna okuw gezelenjini guramaga, arassa howada göçme okuw sapaklaryny geçirmäge doly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde bilim, ylym ulgamlaryna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen mugallym okuwçylara ýurdumyzyň ösümlikleriniň, haýwanlarynyň reňkli suratlaryny, şekillerini wideoýazgylar arkaly kompýuterde ýa-da interaktiw tagtada görkezip, olary tebigata gaýybana okuw gezelenje çykaryp hem bilýär. Okuwçylaryň ösümlikleri, haýwanlary diňe bir görkezme esbaplardan däl-de, gönüden-göni janly ýagdaýda gözleri bilen görmegi zerurdyr.

Biz — bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bolelin ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy, ýaş neslimiziň dünýä derejesine laýyklykda bilim almagy ugrunda irginsiz alada edýär. Ýokary derejedäki iň bir kämil enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyklykda ähli amatlyklary bolan täze mekdepleriň, çagalar baglarydyr sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş nesli belent adamkärçilikli, sagdyn, ýokary ahlakly, Watanymyzy, halkymyzy söýýän, zähmetsöýer ynsanlar edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan aladalaryň netijesidir. Türkmen ýaşlarynyň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, olary beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaşlar edip ýetişdirmek milli Liderimiziň ündeýän baş wezipeleriniň biridir. Ýaşuly nesil bilen bir hatarda türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösmegine ýardam edýärler. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna ýüzlenip: «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýen pähiminden ruhlanýan ýaş nesiller jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Sanly ulgam kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmek, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, kämil derejeli hünärmenleriň ýetişdirilmegini hem talap edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — pa

Tejribe we ussatlyk utgaşanda

«Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň yzysüre Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşikde gündogar sebitiň iň gowy terbiýeçisi hem kesgitlenildi. «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň welaýat tapgyry Türkmenabat şäherindäki 46-njy «Miwejik» çagalar bagynda geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan terbiýeçileriň 11-si gatnaşdy. Başarjaň terbiýeçiler bäsleşige öz ýanlary bilen geçiren göreldeli sapaklarynyň beýanyny, ulanýan okuw-görkezme, paýlama esbaplarynyň görnüşlerini, täzelikde geçiren göreldeli sapagynyň ýa-da terbiýeçilik çäresiniň elektron ýazgysyny, öz ugry boýunça okuw kitaplaryna, gollanmalaryna, iş depderlerine ýa-da okuw maksatnamalaryna ýazan synlarydyr tekliplerini, awtorlyk usuly gollanmalaryny, metbugatda soňky üç ýylyň dowamynda eden çykyşlarynyň nusgalaryny we ýazgylaryny, geçiren işleriniň netijeliligini tassyklaýan resminamalaryny hem getirdiler. Olar bilen tanşanyňda, bilim işgärleriniň öz saýlap alan kärlerine ähli yhlaslaryny we başarnyklaryny siňdirýändiklerine aýdyň göz ýetirýärsiň.