Sanly ulgamyň ähmiýeti

25 Mart 2021
1112

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan önümleri öndürmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini ýokary sepgitlere ýetirmekde bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini has-da çuňlaşdyrmak, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importuň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak hem-de hususy bölegi ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynda hem sanly ulgamy ornaşdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Orazbike NAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar