Biologiýadan göçme okuw sapaklaryny guramak

25 Mart 2021
1024

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bagy-bossanlyga, gür baglyga öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzdaky botanika baglar abadanlaşdyrylýar, seýilgäh zolaklaryň sany köpeldilýär. Bir söz bilen aýdylanda, ýaşlar üçin ýurdumyzyň tebigatyna okuw gezelenjini guramaga, arassa howada göçme okuw sapaklaryny geçirmäge doly mümkinçilikler bar.

Häzirki döwürde bilim, ylym ulgamlaryna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen mugallym okuwçylara ýurdumyzyň ösümlikleriniň, haýwanlarynyň reňkli suratlaryny, şekillerini wideoýazgylar arkaly kompýuterde ýa-da interaktiw tagtada görkezip, olary tebigata gaýybana okuw gezelenje çykaryp hem bilýär. Okuwçylaryň ösümlikleri, haýwanlary diňe bir görkezme esbaplardan däl-de, gönüden-göni janly ýagdaýda gözleri bilen görmegi zerurdyr.

Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar