Biz — bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary

24 Mart 2021
1081

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bolelin ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy, ýaş neslimiziň dünýä derejesine laýyklykda bilim almagy ugrunda irginsiz alada edýär. Ýokary derejedäki iň bir kämil enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyklykda ähli amatlyklary bolan täze mekdepleriň, çagalar baglarydyr sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş nesli belent adamkärçilikli, sagdyn, ýokary ahlakly, Watanymyzy, halkymyzy söýýän, zähmetsöýer ynsanlar edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan aladalaryň netijesidir.

Türkmen ýaşlarynyň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, olary beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaşlar edip ýetişdirmek milli Liderimiziň ündeýän baş wezipeleriniň biridir. Ýaşuly nesil bilen bir hatarda türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösmegine ýardam edýärler. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna ýüzlenip: «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýen pähiminden ruhlanýan ýaş nesiller jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Aýsenem ATAMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar