Zähmetsöýerlik — bagtyýarlygyň gözbaşy

25 Mart 2021
1108

Ata-babalarymyz çaga terbiýesine uly üns berip, bu işe maşgaladan başlapdyrlar. Olar ýaş nesilleri terbiýelemekde atalar sözlerinden, nakyllardan, pähim-paýhaslardan, şeýle-de türkmen durmuşynyň asylly ýörelgelerinden ugur alypdyrlar. Netijede, ýaş nesilleri terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu asylly, döwletli we jogapkärli işde Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitaby uly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu kitap halkymyzyň ruhy dünýäsiniň göwher täjine öwrülen nakyllardyr atalar sözleriniň, pähim-paýhaslaryň ýüzlerçesini özünde jemleýär.

«Paýhas çeşmesi» atly kitapda mynasyp ornuny tapan watançylyk, gahrymançylyk, edep-terbiýe, ahlak, ylym-bilim we hünär, zähmet hem-de tebigat bilen baglanyşykly öwüt-ündewleriň belli bahasy ýok. Her bir ynsanyň kalbyna melhem bolup siňýän şol öwüt-ündewler, pähimler il içinde ýagşy gylyk-häsiýetiň, merdanalygyň, edermenligiň, zähmetsöýerligiň bilen hormat-abraý almalydygyny ündeýär.

Güljahan AKMYRADOWA,
Babadaýhan etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar