"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz senagatyny yzygiderli ösdürmekde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» anyk wezipeler kesgitlenilýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, köpugurly ösüşini üpjün etmekde nebitgaz senagatynyň möhüm orny göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda bu senagat pudagyna ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary batyrgaý ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu bolsa, öz nobatynda, pudakda iň häzirki zaman önümçilikleri döretmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, pudaga innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş hünärmenleri işjeň çekmäge şertleri döredýär. Şeýle tutumlaryň uglewodorod çig malyna baý täze ýataklaryň üstüni açmaga, geologiýa-gözleg we burawlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, tebigy çig mal serişdelerimizi dünýäniň energiýa bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini artdyrmaga oňyn itergi berýändigini bellemek gerek. Nebitgaz pudagynda rowaçlyklara beslenýän köpugurly tutumlar «Türkmennebit» döwlet konserniniň welaýatymyzyň çägindäki tebigy ojaklarda netijeli işleri alyp barýan önümçilik düzümleriniň zähmet toparlaryny, aýratyn-da pudakda öndürijilikli zä

Ýokary üstünliklere eýe bolýarlar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri gaýratly zähmet çekip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere besleýärler. Konserniň düzüminde uglewodorod çig malyny çykarmak, täze guýulary gazmak, alynýan ýangyç çig malyny turba geçirijiler we deňiz ulaglary arkaly gaýtadan işleýjilere ýetirmek, gaýtadan işlemek, gaz gysyjy beketlerdir sazlaýjy desgalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, guýularyň düýpli ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanýan kärhanalaryň we kömekçi düzümleriň onlarçasy bar. Olaryň baý iş tejribeleriniň we ylmy taýdan esaslandyrmalara daýanýan sazlaşykly işleriniň netijesinde şu ýylyň geçen on bir aýynda hereket edýän guýulardan 3 million 243 müň 487 tonna «gara altyn» çykarylyp, gaýtadan işlemäge ugradyldy. Bu döwürde 4 milliard 83 million kub metre barabar «mawy ýangyç» çykarylyp, göz öňünde tutulan meýilnama 111 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkezijiler konsernde alymlar, geologlar we inženerler tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň oňyn netijelerini berýändigini aňladýar. Şeýle üstünlik kämil häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige başarjaň ornaşdyrmagyň hasabyna gazanylýar. Nebitgaz çykaryjy müdirliklerde hereket edýän guýularda ýokary basyşly gazgöteriş usulyny ulanmak, turba geçirijilerde parafin çökündileriniň döremeginiň ga

Ösüşli menzillerde ynamly ädimler

Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwrülen ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan esasy ugurlarydyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisindäki çuň manyly çykyşynda: «Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär. Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip, aýratyn belläp geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Munuň özi döwletimiziň elektrik energetika ulgamyna hem mahsusdyr. Bu ulgam ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Şol sebäpli-de kuwwatly desgalary gurup, pudagy häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we önümçilige döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp ba

14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

Mawy ýangyjyň akymy artýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiziň maksadaokgunly ykdysady syýasaty netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ösüşli depgin ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda gazanylýan uly üstünlikleriň mysalynda-da görmek bolýar. Gazçylaryň tutanýerli zähmeti bilen tebigy gazyň akymy ýylsaýyn artdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalary, ýokary öndürijilikli tehnologiki enjamlary gowy netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär. Tebigy gazyň akymyny artdyrmak bilen bagly kuwwatly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi we birnäçesinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Tebigy gazyň çykarmakda we senagat taýdan gaýtadan işlemekde müdirligimiziň gazçylarynyň paýyna jogapkärli wezipe düşýär. Zähmetsöýer adamlarymyz şeýle wezipä abraý bilen hötde gelmekde ähli tagallalary edýärler.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Howpsuz zähmet — üstünligiň kepili Himiýa senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudagyň kärhanalarynda ýokary ykdysady görkezijiler gazanylýar. Bu kärhanalaryň önümçiligi öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, olardan netijeli peýdalanylýar. Pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümlere döwletimiziň öz içinde-de isleg uly welin, daşary bazarlarda-da olara isleg bildirýänler köp.

Dünýäniň iň köp önüm öndüriji ýurtlary

Bilermenleriň kesgitlemegine görä, dünýäde azyk önümlerini öndürmekde bütin ýer togalagynyň 7 göterimi ekerançylyk meýdanyna eýe bolan Hytaý ilkinji orny eýeleýär. Hytaý döwletinde öndürilýän azyk önümleri dünýäniň ilatynyň 22 göterime golaýyny üpjün edýär. Aýratyn hem bu döwlet guş etini, ýumurtgany, miwe, gök-bakja önümlerini, gallany hem-de pagtany öndürmekde öňdeligi saklaýar. Şolaryň arasynda bugdaý, şaly we mekgejöwen ähli öndürilýän önümleriň 90 göterimini tutýar. Hytaýda 1 ýylda 500 million tonna gök-bakja önümi öndürilýär. * * *

Önümçiligiň depgini ýokarlandyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň esasy wezipesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenen, döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamlaryň janyny we saglygyny goramak, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, önümçiligiň netijeliligini artdyrmak, işgärleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we arassaçylyk gigiýenasy boýunça saldamly işleri alyp barmak bolup durýar. Işgärlere zähmetiň howpsuzlyk kadalaryny öwretmek müdirligiň möhüm borçlarynyň biri bolmak bilen, olar bilen her çärýekde her käriň aýratynlygy, işiň görnüşleri, ýangyn, elektrik howpsuzlygy, arassaçylyk-sanitariýa talaplary, şeýle hem iş ornunda ýüze çykyp biljek betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, olarda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça yzygiderli gözükdirmeler geçirilip durulýar. Elbetde, wagtly-wagtynda işgärlere degişli okuwlary guramak öz oňyn netijesini berýär.

Ýangyç-energetika toplumy: täze üstünliklere tarap

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda düýpli döwrebaplaşdyrylan we diwersifikasiýalaşdyrylan nebitgaz toplumy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda innowasiýalaşdyrylýar. Ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kerwenbaşysy bolan bu toplumyň işçi-hünärmenleri özleriniň hünär baýramçylygyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň diňe oktýabr-noýabr aýlarynda ýetilen sepgitler hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Hususan-da, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň üç ýatagyň — «Galkynyş», Tagtabazar-I we Uzynada ýataklarynyň guýularyndan gazyň senagat akymlaryny alandygy baradaky hoş habarlar tutuş halkymyzy begendirdi. Bu üstünligiň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak maksady bilen, ýataklarda täze guýulary barlamaga we işläp taýýarlamaga gönükdirilen milli maýa goýumlarynyň hasabyna gazanylandygy aýratyn bellärliklidir. Noýabr aýynyň başynda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri bilen Yragyň elektroenergetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ibermek, satyn almak, satmak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri hakynda Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, 5 ýylyň dowamynda SWAP ulgamy boýunça Eýranyň çäginden Yraga ýylda türkmen

Söwda toplumy boýunça şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada maslahat geçirildi

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Onda 8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Minsitrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de söwda ulgamynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Minisitrler Kabinetiniň mejlisinde söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek, halkymyzyň uly isleg bildirýän harytlarynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmek, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň, harytlaryň bol we elýeterli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamak babatda beren tabşyryklaryny degişli ýolbaşçylara ýetirdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 39 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Pakistandan, Türkiýe we Gyrgyz Respublikalaryndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 83 million 643 müň 127 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar. Şu gezekki mejlisi geçirmäge döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň netijeleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk, düşünişmek we ýakyndan özara goldamak esasynda işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki döwürde köpugurly türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlarda ýokary derejede ösdürilýär. Iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şä

Hytaýyň eksporty soňky 7 aýda ilkinji gezek ýokarlandy

Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň hasabatyna laýyklykda, noýabrda ýurduň eksportynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,5 göterim ýokarlanyp, 291,93 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji soňky 7 aýyň içinde ilkinji gezek hasaba alyndy. Oktýabr aýynda bu görkeziji 6,4 göterim peselipdi. «Trading Economics»-iň maglumatlaryna görä, degişli döwürde importyň mukdary azaldy. Noýabrda Hytaý nebitiň importyny 9,2, polat önümleriniňki 18,7, etiňkini 16,4 göterim azaltdy. Şol bir wagtyň özünde soýanyň importy 7,8, tebigy gazyňky 6,1, kömrüňki 34,7, demir madanyňky 3,9 göterim ýokarlandy.

Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy

Golaýda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Maslahata orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda orta hünär okuw mekdebiniň direktory, TDP-niň ilkinji guramasynyň başlygy Şamyrat Hydyrow, mekdebiň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary Muhammetaly Sahatow, mekdebiň mugallymy, TDP-niň ilkinji guramasynyň başlygynyň orunbasary Selbi Ýagmyrowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň beren miweleri, nebitgaz senagatynda ekologiýa meseleleri, bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler, ýaşlaryň kämil hünärmen bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň edildi.

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumy okgunly ösýär

"Türkmenhowaýollary" agentligi şu ýyl hödürlenýän hyzmatlaryň mukdaryny ýokarlandyrmakda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda has uly ösüşe eýe boldy. Ýanwar-noýabr aýlarynda raýat awiasiýa pudagy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 199 göterim ösüş depgini gazandy. Geçen 11 aýda "Türkmenawtoulaglary" agentliginde 117 göterim, "Türkmendemirýollary" agentliginde 106,5 göterim we "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginde 105,2 göterim ösüş gazanyldy.

«Türkmenhowaýollary» agentligi iki esse ösüş gazandy

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýolagçy we ýük daşmalaryň sanyny takmynan iki esse artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren hasabatynda aýtdy. M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Owganystanyň işewürleri EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Döwrebap mümkinçilikler ösdürilýär

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary depginlerde ösýär. Bu ösüşler sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ähli ugurlaryň ösmegine oňat täsirini ýetirýär. Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň, şol sanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar, olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde sanly ulgamyň ähmiýeti uludyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýetdäki üstünliginiň esasy şerti bolup durýar. Sanlyja ýyllaryň içinde Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde köp öňegidişlikleri gazanmagy başardy. Şeýle hem ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we durmuşa geçirilýän beýleki işler ösüşiň bu ugrunyň üstünliklere beslenýändigini beýan edýär. Bilşimiz ýaly, ylmy-tehnologik ösüşiň halkara hukuk esaslary bu ugurda ýüze çykýan her bir täzelige laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Abadan durmuşyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-biregi hormatlamaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirjekdigini aýdyp: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýip belläpdi. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler hem öz mynasyp netijelerini berýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bolsa bu ugurda kesgitlenen anyk wezipeleri özünde jemleýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleriniň açylmagy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Moskwa we Kazan şäherlerinde, Minskde, Stambulda hereket edýän bilelikdäki söwda öýleri dürli harytlary

Dost-doganlyk daragtynyň miweleri

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi dowam edýär Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Onuň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köpsanly ildeşlerimiz gatnaşdy. Dabaranyň başynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýöriteleşdirilen sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Doganlyk halklaryň hyzmatdaşlygy

Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen-türk hyzmatdaşlygy häzirki döwürde has-da berkidilip, yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigine, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda dowam edýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Bu forumyň iki doganlyk döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. Häzirki wagtda öz işini dowam edýän bu foruma Türkiýe Respublikasynda dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan ençeme kompaniýalary, şol sanda bu kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri hem gatnaşýarlar. Olaryň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn nygtarlyklydyr. Bu ýerde görkezilýän harytlaryň ählisi Türkiýede öndürilýän ýokary hilli eksport harytlary bolup durýar. Sergide senagat pudaklary, oba hojalygy, dokma önümçiligi, hojalyk harytlary ýaly birnäçe pudaklara degişli önümleri görmek bolýar.