Ösüşli menzillerde ynamly ädimler

13 Dekabr 2023
544

Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwrülen ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan esasy ugurlarydyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisindäki çuň manyly çykyşynda: «Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär. Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip, aýratyn belläp geçdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Munuň özi döwletimiziň elektrik energetika ulgamyna hem mahsusdyr. Bu ulgam ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Şol sebäpli-de kuwwatly desgalary gurup, pudagy häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we önümçilige döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijiler, elektrik stansiýalar we paýlaýjy ulgamlar yzygiderli gurlup, sarp edijileriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlary täzelenýär.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».
Beýleki habarlar