Doganlyk halklaryň hyzmatdaşlygy

6 Dekabr 2023
384

Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen-türk hyzmatdaşlygy häzirki döwürde has-da berkidilip, yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigine, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda dowam edýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Bu forumyň iki doganlyk döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr.

Häzirki wagtda öz işini dowam edýän bu foruma Türkiýe Respublikasynda dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan ençeme kompaniýalary, şol sanda bu kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri hem gatnaşýarlar. Olaryň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn nygtarlyklydyr. Bu ýerde görkezilýän harytlaryň ählisi Türkiýede öndürilýän ýokary hilli eksport harytlary bolup durýar. Sergide senagat pudaklary, oba hojalygy, dokma önümçiligi, hojalyk harytlary ýaly birnäçe pudaklara degişli önümleri görmek bolýar.

«Esger».
Beýleki habarlar