Söwda toplumy boýunça şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada maslahat geçirildi

11 Dekabr 2023
362

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Onda 8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Minsitrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de söwda ulgamynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Minisitrler Kabinetiniň mejlisinde söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek, halkymyzyň uly isleg bildirýän harytlarynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmek, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň, harytlaryň bol we elýeterli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamak babatda beren tabşyryklaryny degişli ýolbaşçylara ýetirdi.

«Biznes reklama».
Beýleki habarlar