14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

13 Dekabr 2023
522

Mawy ýangyjyň akymy artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiziň maksadaokgunly ykdysady syýasaty netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ösüşli depgin ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda gazanylýan uly üstünlikleriň mysalynda-da görmek bolýar. Gazçylaryň tutanýerli zähmeti bilen tebigy gazyň akymy ýylsaýyn artdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalary, ýokary öndürijilikli tehnologiki enjamlary gowy netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär. Tebigy gazyň akymyny artdyrmak bilen bagly kuwwatly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi we birnäçesinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Tebigy gazyň çykarmakda we senagat taýdan gaýtadan işlemekde müdirligimiziň gazçylarynyň paýyna jogapkärli wezipe düşýär. Zähmetsöýer adamlarymyz şeýle wezipä abraý bilen hötde gelmekde ähli tagallalary edýärler.

Beýleki habarlar