Ýokary üstünliklere eýe bolýarlar

13 Dekabr 2023
505

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri gaýratly zähmet çekip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere besleýärler. Konserniň düzüminde uglewodorod çig malyny çykarmak, täze guýulary gazmak, alynýan ýangyç çig malyny turba geçirijiler we deňiz ulaglary arkaly gaýtadan işleýjilere ýetirmek, gaýtadan işlemek, gaz gysyjy beketlerdir sazlaýjy desgalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, guýularyň düýpli ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanýan kärhanalaryň we kömekçi düzümleriň onlarçasy bar. Olaryň baý iş tejribeleriniň we ylmy taýdan esaslandyrmalara daýanýan sazlaşykly işleriniň netijesinde şu ýylyň geçen on bir aýynda hereket edýän guýulardan 3 million 243 müň 487 tonna «gara altyn» çykarylyp, gaýtadan işlemäge ugradyldy. Bu döwürde 4 milliard 83 million kub metre barabar «mawy ýangyç» çykarylyp, göz öňünde tutulan meýilnama 111 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkezijiler konsernde alymlar, geologlar we inženerler tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň oňyn netijelerini berýändigini aňladýar. Şeýle üstünlik kämil häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige başarjaň ornaşdyrmagyň hasabyna gazanylýar.

Nebitgaz çykaryjy müdirliklerde hereket edýän guýularda ýokary basyşly gazgöteriş usulyny ulanmak, turba geçirijilerde parafin çökündileriniň döremeginiň garşysyna ýörite çäreleriň toplumyny amala aşyrmak, täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni yzygiderli özleşdirip, olary önümçilige ornaşdyrmak hem ösüşleriň girewidir. Şu ýylyň geçen döwründe gazanylan üstünliklerde meýilnamalaryna artygy bilen hötde gelmegi başaran «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp paýlary bar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar