"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 26 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Gazagystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Pakistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 837 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Durnukly ösüş üçin galyndysyz ykdysadyýet

Redaksiýadan: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ata Watanymyzda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Şol bir wagtda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny barha belende göterýär. Soňky wagtlarda ykdysady ösüş bilen bagly soraglarda daşky gurşawy goramak esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler we Türkmenistanyň bu ugurlardaky strategiýasy barada teswirleme-düşündiriş berilmegini haýyş edip, okyjylarymyzdan köp sanly ýüztutmalar gelip gowuşdy. Olaryň isleglerini nazara alyp, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Söhbetdeşlige institutyň menejment kafedrasynyň müdiri Çarymuhammet Şallyýewi hem-de şol institutyň mugallymlary Orazmyrat Gurbannazarowy we Muhammetguly Muhammedowy redaksiýamyza çagyrdyk.

Dokma önümleriniň eksporty ýokarlanýar

2024-nji ýylda Russiýanyň Iwanowo şäherinde Özbegistanyň dokma önümleriniň söwda öýi açylar. Häzirki wagtda Özbegistanyň dokma önümleriniň eksporty boýunça Russiýanyň bazary birinji ýerde durýar.

Ýokary görkezijiler gazanyldy

Geçen ýyly üstünlikli jemlän Babadaýhan dokma toplumynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhana boýunça nah ýüplügiň 3 müň 858 tonnadan, örülen önümiň 572 müňden gowragy öndürildi. Görkeziji boýunça kärhanada önüm öndürilişi 124 million 632 müň manatlykdan gowrak boldy. Kärhanada 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl 189,3 göterime barabar ösüş gazanyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, ady agzalýan kärhanada 31/1, 51/1, 68/1 belgili nah ýüplügi, 85/1 belgili inçe daralan ýüplügi, şeýle hem «Mäne» haryt nyşanly dokma önümleri öndürilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen polipropileni, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar.

2023-nji ýylda Astrahanyň deňiz porty ýük daşamakda rekord görkezijä ýetdi

2023-nji ýylda Russiýanyň Astrahan deňiz porty ýük daşalyşyny bir ýarym esse artdyrmak bilen bu babatda soňky 10 ýylda iň ýokary ýyllyk görkezijä ýetmegi başardy. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkiniň mälim etmegine görä, 2023-nji ýylda Astrahan portlarynyň ýük dolanyşygy ondan öňki ýyldakydan 46 göterim ýokarlanyp, jemi 4,3 million tonna deň boldy.

Türkmen diplomatiýasynyň rowaç gadamlary

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamalarynda aýdyň şöhlelenýär Ulaglar siwilizasiýa dörän wagtyndan bäri ykdysady ösüşe öz täsirini ýetirip gelýär. Iň gadymy döwürlerde-de ulag ulgamlarynyň goşulyşýan ýerinde ýaşaýşyň gülläp ösendigine, ilkinji şäherleriň hem tebigy aýlaglaryň, derýadyr kölleriň, portlaryň töwereginde dörändigine taryh şaýat. Başgaça aýdylanda, hut geografik aýratynlyklar — ummandyr deňizlere, suw ýollaryna, düzlüklerdir daglara, oazislere ýakynlyk ilkinji ulag ulgamlarynyň kemala gelmegini şertlendiripdir. Gadymy Beýik Ýüpek ýoly bolsa şäherlerden-şäherlere uzap, ygtybarly suw ýa-da guryýer ugurlary bolmadyk ýurtlardyr sebitleri biri-biri bilen birleşdirdi. Adamlaryň kosmosa çykyp, älem giňişligini özleşdirýän, hatda Aýa çenli baryp ýeten zamanasynda-da ulagyň adamzadyň durmuşyndaky ähmiýeti barha artmasa, birjik-de peselmeýär. Şoňa görä, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly meseleleriň 90 göteriminiň ulag ulgamy bilen baglanyşdyrylmagy hem tebigy ýagdaýdyr.

Süýümlere isleg uly

Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda dünýäniň ýüze golaý döwletinde jemi 32 million gektardan gowrak meýdana gowaça ekilýär. Käbir ýurtlarda bolsa pagtaçylyk ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň we girdejisiniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Gowaça biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde-de strategiki ähmiýete eýe bolan oba hojalyk ekinleriniň biridir. Häzirki wagtda döwletimiz her ýyl 300 müň tonnadan gowrak pagta süýümini öndürip, onuň önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji onluga girýär. «Ak altyndan» öndürilýän dokma we beýleki önümleriň Watanymyzdan eksport edilýän görnüşleri barha artýar. Hut şonuň üçin hem gowaçadan bol hasyl almak we ony gaýtadan işleýän kärhanalaryň işlerini has-da kämilleşdirmek döwletimizde esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde bu gymmatly önümi gaýtadan işlemekde Kerki pagta arassalaýjy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr. Bu ýerde janypkeş daýhanlaryň Watan harmanyna tabşyran «ak altynyny» gaýtadan işläp, ondan ýokary hilli süýüm taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar. Ilki bilen etrabyň pagta kabul ediş harmanhanalaryndan getirilen pagta ammarlara ýerleşdirilýär. Soňra pagta önümçiligiň tehnologiýasyna laýyklykda tehniki enjamlar arkaly tüýdülip, çigitleri saýlanylýar. Alnan süýüm belli bir ölçegde kiplenilýär. Her kipiň agramy ölçenilip, daşyna agramy ýazylýar. Taýýar kipler ýöriteleşdir

Ýokary hilli önümler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem gurlup ulanmaga berilýän, şonuň ýaly-da gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän ajaýyp binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň sany barha artýar. Bu gurluşyklaryň şeýle öndürijilikli dowam etdirilmeginde olaryň derwaýys gurluşyk önümleri bilen ýeterlik hem-de öz wagtynda üpjün edilmeginiň möhüm ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, degişli edara-kärhanalaryň bu babatda alyp barýan işleriniň orny örän uludyr. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody hem şeýle zerur önümleri öndürmekde, olary bellenilen ýerlere ugratmakda ençeme ýyllardan bäri ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Muňa geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň eýe bolan üstünlikleri-de şaýatlyk edýär. Olar şonda 66 million manatlyga derek 72,5 million manatlyga golaý dürli görnüşli gurluşyk önümlerini öndürmek bilen, bu baradaky ýyllyk meýilnamalaryny 109 göterimden hem artyk berjaý etdiler.

Sanly ykdysadyýetde gazanylýan ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini düýpli ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.  Ulgama täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy hususy taraplara töleg-hasaplaşyk we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamy döwrebap maglumat tehnologiýalarydyr kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda gazanylýan oňyn tejribeler telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Hereket edýän elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi, täze töleg-hasaplaşyk ulgamlarynyň döwlet täjirçilik we paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen amala aşyrylmagy bu ugurda gazanylan ýene bir ösüşdir.

Döwrebap binalar halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyrylmagy Watan goragçylarynyň gününe ajaýyp sowgat boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus baýramçylyk ruhuna beslenen açylyş dabaralarynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary binalaryň ulanmaga berilmegi, şeýle-de baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan, bagtyýar durmuşyny has-da pugtalandyrmakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulaglaryň sazlaşykly hereketini gazanmakda uly tutumlary üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Ulanyşa tabşyrylýan döwrebap binalaryň hem şeýle aladalaryň miweleridigini buýsanç bilen nygtadylar. Açylyş dabaralarynda joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlarda, küştdepdilerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýän beýik işler, bagtyýar durmuşymyz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly wasp edildi. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda binalaryň gurluşyklarynda göreldeli zähmeti bilen tapawutlana

Mynasyp goşant goşýarys

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu döwletli tutumlara hususy pudagyň goşýan goşandy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmekde badalga beren döwletli tutumlarynyň täze taryhy eýýamda üstünlikli dowam etdirilýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Welaýat merkezinde ýerleşýän «Batly Gadam» hususy kärhanamyzda öndürilýän ýokary hilli nah ýüplükler hem-de jorap önümleri bilen diňe bir içerki sarp edijileriň islegleri kanagatlandyrylman, eýsem, biz önümleriň bu görnüşlerini daşarky bazarlara hem yzygiderli ugradýarys, Eýrana, Türkiýä we Russiýa Federasiýasyna eksport edýäris. Her ýylda nah ýüplüginiň 3 müň 564 tonnasy, erkek, aýal we çaga joraplarynyň bolsa 565 müňe golaý jübüti daşary ýurtlara ugradylýar.

Bereketli saçaklaryň bezegi

Hususy işewürleriň dürli ugurlar boýunça alyp barýan netijeli işleri milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň yzygiderli artmagynda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde olaryň mynasyp ornuny aýdyň görkezýär. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususyýetçiligi hemmetaraplaýyn goldamak babatdaky giň gerimli aladalarynyň möhüm ähmiýetiniň özboluşly beýanydyr. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, dürli ugurlarda iş alyp barýan telekeçileriň hatary welaýatymyzda hem ýylba-ýyldan artýar. Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky «Ýazlak» hususy kärhanasy hem şolaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhana «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny oňat zähmet görkezijileri bilen dabaralandyrmagy maksat edinýär.

Gruziýa Anakliýa portunyň we täze howa menziliniň gurluşygyna başlaýar

2024-nji ýylda Gara deňziň Gruziýadaky kenarynda ýerleşýän Anakliýada täze çuň deňiz portunyň gurluşygynyň başlanjakdygy we täze howa menzilini gurmagyň meýilleşdirilýändigi Dawos ykdysady forumynyň çägindäki «Ýewraziýanyň täze säheri» taslamasynda premýer-ministr Irakliý Garibaşwili tarapyndan habar berildi. «Ýurdy sebit awiasiýa merkezi hökmünde görkezmek isleýäris. Gruziýanyň ýerleşýän ýeri hem muňa uly goşant bolar. Sebitiň awiasiýa merkezi bolmak üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar» — diýip, Garibaşwili belledi.

Işeňňirleriň jemlenen ýerinde

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwrebap ösdürmek bilen baglanyşykly döredýän mümkinçiliklerinden we şertlerinden ýerlikli peýdalanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän «Täze Aý» hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümlerini öndürýän «Datly şerbet» hususy kärhanasynyň agzybir işgärleri hem şu günler özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny gowy hilli köke-süýji önümleriniň öndürilmegine gönükdirýärler. Häzirki döwürde özünde 500-den gowrak işçi-hünärmeni jemleýän kärhana azyk önümleriniň 150-den gowrak görnüşini taýýarlap, halka hödürleýär. Bu ýerde azyk önümleriniň görnüşleriniň sanyny has artdyrmak üçin önüm öndürijiler döredijilikli gözleglerini hem yzygiderli we uly höwes bilen dowam etdirýärler. Netijede, baýramçylyklaryň we şanly seneleriň bosagasynda datly köke-süýjüleriň täze görnüşleriniň tapgyry ilata hödürlenýär. Ekologiýa taýdan arassa, tagamly, gözegelüwli gaplara gaplanan ýokary hilli önümler bolsa, alyjylar tarapyndan hoşallyk bilen garşylanylýar. Ilata hödürlenýän şol önümleriň hemmesiniň diýen ýaly, daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan, ýokary hilliligi bilen tapawutlanmagy guwandyryjy hakykatdyr.

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda $1,094 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 2023-nji ýylda 1 milliard 94,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 923,2 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 171,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Gazagystanda täze halkara söwda-logistika merkezi açyldy

Gazagystan bilen Hytaýyň döwlet serhedinde täze halkara söwda-logistika merkezi öz işine başlady. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi mälim edýär. Täze merkez “Dostyk Storage” kompaniýasy we Respublikanyň Döwlet girdejileri komiteti bilen bilelikde guruldy.

Abadan ýaşaýşa gönükdirilen işler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bereketli ojaklarda «mawy ýangyç» alawlaýar. Ilatly ýerleri, önümçilik desgalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary bu amatly ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Bu meselä gyş aýlarynda has ünsli çemeleşilýär. Sebäbi howanyň sowamagy bilen tebigy gazyň sarp edilişi hem ep-esli artýar. Şeýle ýagdaý sarp edijileri ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, howpsuzlyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmegini gazanmagy hem talap edýär. Gazetimiziň öz habarçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermegini haýyş edip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň zähmeti goramak we ýol hereketiniň howpsuzlygy bölüminiň başlygy Ramazan Genjiýewe ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen bu dünýä nusgalyk ýörelgeleri barha rowaçlyklara beslenýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem tebigy gaz ilat üçin barha elýeterli bolýar. Müdirligimiziň agzybir işgärleri gaz üpjünçilik ulgamynyň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, garaşylmadyk hadysalaryň öňüni almak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler. Munuň üçin degişli işleriň uly toplumy berjaý edi

Ulag diplomatiýasy – ösüşler ýolunda

Ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag diplomatiýasyny ýaýbaňlandyrmak babatda giň möçberli işleri ýola goýýar. Bu işleriň netijesinde ýurdumyz ulagyň ähli görnüşini ulamak arkaly hyzmatdaşygyň geografiýasyny giňeltmek arkaly öz ornuny barha berkidýär. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikdeGündogar – Günbatar, Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňzi, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstüşyr geçelgeleri özüne birleşdirer.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň geçen hepdedäki söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 18 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Tür­ki­ýe­den, Ga­za­gys­tan­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den we Ow­ga­nys­tan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len po­lipro­pi­le­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 8 mil­li­on 120 müň ame­ri­kan dol­la­ryn­a deň bol­dy.