Döwrebap binalar halkyň hyzmatynda

24 Ýanwar 2024
361

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyrylmagy Watan goragçylarynyň gününe ajaýyp sowgat boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus baýramçylyk ruhuna beslenen açylyş dabaralarynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary binalaryň ulanmaga berilmegi, şeýle-de baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan, bagtyýar durmuşyny has-da pugtalandyrmakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulaglaryň sazlaşykly hereketini gazanmakda uly tutumlary üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Ulanyşa tabşyrylýan döwrebap binalaryň hem şeýle aladalaryň miweleridigini buýsanç bilen nygtadylar.

Açylyş dabaralarynda joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlarda, küştdepdilerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýän beýik işler, bagtyýar durmuşymyz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly wasp edildi. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda binalaryň gurluşyklarynda göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».
Beýleki habarlar