Abadan ýaşaýşa gönükdirilen işler

22 Ýanwar 2024
504

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bereketli ojaklarda «mawy ýangyç» alawlaýar. Ilatly ýerleri, önümçilik desgalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary bu amatly ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Bu meselä gyş aýlarynda has ünsli çemeleşilýär. Sebäbi howanyň sowamagy bilen tebigy gazyň sarp edilişi hem ep-esli artýar. Şeýle ýagdaý sarp edijileri ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, howpsuzlyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmegini gazanmagy hem talap edýär. Gazetimiziň öz habarçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermegini haýyş edip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň zähmeti goramak we ýol hereketiniň howpsuzlygy bölüminiň başlygy Ramazan Genjiýewe ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

— Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen bu dünýä nusgalyk ýörelgeleri barha rowaçlyklara beslenýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem tebigy gaz ilat üçin barha elýeterli bolýar. Müdirligimiziň agzybir işgärleri gaz üpjünçilik ulgamynyň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, garaşylmadyk hadysalaryň öňüni almak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler. Munuň üçin degişli işleriň uly toplumy berjaý edildi. Has takygy, müdirligimiziň şäher-etrap gaz hojalyk edaralarynyň hünärmenleri tarapyndan gaz paýlaýjy beketleriň 378-sinde, gaz sazlaýjy nokatlaryň bolsa 3 müň 273-sinde degişli barlag-gözegçilik işleri geçirildi. Şeýle çäreleriň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikler ýerinde düzedildi. Bu bolsa dürli hadysalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini aradan aýyrmak bilen birlikde, gazdan peýdalanyjylary ýangyç bilen kadaly üpjün etmäge hem amatly şertleri döredýär. Şunuň ýaly çäreler tassyklanan meýilnama laýyklykda, dürli basyşly ýerasty we ýerüsti gaz geçirijilerde hem ýerine ýetirilýär. Munuň üçin hünärmenlerimiziň kämil tehniki serişdelerden netijeli peýdalanýandygyny aýratyn nygtasym gelýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar