Geçen hepde halkara maglumat giňişliginde «Türkmenistanyň energetika hepdeligi» atlandyryldy

6 Awgust 2024
129

Geçen hepdede ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalar köp boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir.

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ýangyç-energetika, magdan önümçiligi, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar babatda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen gazyny Türkiýe Respublikasyna we Ýewropa ýurtlaryna ibermegiň mümkinçilikleri, Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar