Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

29 Ýanwar 2024
420

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 26 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Gazagystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Pakistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 837 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.
Beýleki habarlar