Ýokary hilli önümler

24 Ýanwar 2024
356

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem gurlup ulanmaga berilýän, şonuň ýaly-da gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän ajaýyp binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň sany barha artýar. Bu gurluşyklaryň şeýle öndürijilikli dowam etdirilmeginde olaryň derwaýys gurluşyk önümleri bilen ýeterlik hem-de öz wagtynda üpjün edilmeginiň möhüm ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, degişli edara-kärhanalaryň bu babatda alyp barýan işleriniň orny örän uludyr.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody hem şeýle zerur önümleri öndürmekde, olary bellenilen ýerlere ugratmakda ençeme ýyllardan bäri ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Muňa geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň eýe bolan üstünlikleri-de şaýatlyk edýär. Olar şonda 66 million manatlyga derek 72,5 million manatlyga golaý dürli görnüşli gurluşyk önümlerini öndürmek bilen, bu baradaky ýyllyk meýilnamalaryny 109 göterimden hem artyk berjaý etdiler.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar