Durnukly ösüş üçin galyndysyz ykdysadyýet

29 Ýanwar 2024
439

Redaksiýadan: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ata Watanymyzda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Şol bir wagtda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny barha belende göterýär.

Soňky wagtlarda ykdysady ösüş bilen bagly soraglarda daşky gurşawy goramak esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler we Türkmenistanyň bu ugurlardaky strategiýasy barada teswirleme-düşündiriş berilmegini haýyş edip, okyjylarymyzdan köp sanly ýüztutmalar gelip gowuşdy. Olaryň isleglerini nazara alyp, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Söhbetdeşlige institutyň menejment kafedrasynyň müdiri Çarymuhammet Şallyýewi hem-de şol institutyň mugallymlary Orazmyrat Gurbannazarowy we Muhammetguly Muhammedowy redaksiýamyza çagyrdyk.

Beýleki habarlar