"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde işleriň depgini artýar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Il-ýurt bähbitli alnyp barylýan şeýle ösüşli, ýokary netijeli işlere dahylly bolmak hyjuwy her bir zähmet adamsyny joşgunly işläp, oňa öz mynasyp goşandyny goşmaga ruhlandyrýar. Ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşy almagy maksat edinýän welaýatymyzyň önümçilik birleşiklerine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilen meýilnamalary artygy bilen berjaý etmeklerine mümkinçilik berýär. Şeýle birleşikleriň biri-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigidir. Önümçilik birleşiginde esasan, hyzmatyň iki ugry boýunça, ýagny ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda önümçilik birleşiginiň işgärleriniň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalaryny ýörelge edinmekleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler hem tassyklaýar. «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýyny ýokary zähmet görkezijilerine beslediler. Ilkinji aýda 226 müň tonnadan gowrak halk hojalyk ýükleri daşalyp, meýilnama 100 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Ýükleriň dolanyşygy boýunça meýilnama 5 million 684 müň tonna kilometre barabar bol

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO standartyna laýyklykda sertifikatlaşdyrmaga taýýarlanylar

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak üçin birnäçe täzelikleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Zawodyň halkara şahadatnama eýe bolmagy onuň daşarky bazarlardaky ornuny has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu boýunça teklipler koreý kärdeşleri bilen geçirilen gepleşiklerde mälim edildi diýip, "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň resmi web-saýty belleýär. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada 2023-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen şertnamany durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

«Ýazlak» tagamly önümleri bilen tanalýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmekde alnyp barylýan işleriň çäklerinde Balkan welaýatynda hem netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilip, döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen, hususyýetçiler tarapyndan ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýazlak» hususy kärhanasynda öndürilýän önümler diňe bir sebitiň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hem geçginli azyk harytlary hökmünde öz mynasyp ornuny tapdy.

Ahal welaýatynyň çäginde kärendä berilýän döwlet emläginiň bazar nyrhlarynyň derejesinde emele gelen bahalarynyň binýatlyk möçberleri

Bellikler: 1. Nyrhlandyrylan çäklerde görkezilen 1-nji belgili nyrhlar Ahal welaýatynyň Änew, Gökdepe şäherleri üçin, 2-nji belgili nyrhlar Ahal welaýatynyň etrap merkezleri üçin, 3-nji belgili nyrhlar Ahal welaýatynyň etrap merkezlerinden başgalary üçin;

Aziýadan Ýewropa konteýner daşamagyň bahasy iki esse ýokarlandy

Halkara bron platformasy bolan “Freightos”-yň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aziýadan Demirgazyk Ýewropa 40 futlyk konteýneri daşamagyň bahasy iki esse artyp, 4000 ABŞ dollaryna ýetdi, şol bir wagtyň özünde Ortaýer deňziniň ýurtlaryna Gyzyl deňziň we Sues kanalynyň üsti bilen konteýner ugratmagyň bahasy bolsa 5175 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. “Freightos” guramasynyň analitikleriniň başlygy Juda Lewin käbir ýük daşaýjylaryň Aziýadan Ortaýer deňzine bir konteýner ibermegiň bahasyny 6000 dollara çenli (ýanwar aýynyň ortalaryndan) ýokarlandyrandygyny we bir konteýner üçin 500 dollardan 2700 dollar aralygynda goşmaça tölegleri ulanmagyň bahalaryň hasam ýokarlanyp biljekdigini belledi.

TNGIZT-de täze önümçilikler ýola goýuldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň we «SAE 50 API CF-4» kysymly motor ýagynyň önümçiliginiň ýola goýlandygy hakyndaky hoş habar nebitgaz toplumynyň ähli önümçilik düzümlerinde uly ruhubelentlik joşgunyny döretdi hem-de çig nebiti gaýtadan işlemek bilen dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny subut etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hökümetiň 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza habar berdi. Mejlisde wise-premýer «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşynda

Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli arassa agyz suwy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek wezipesi «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş Maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapýar. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli bu derwaýys işi ygtybarly ýola goýmakda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň günbatar sebitdäki «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň zähmet toparlary has-da işjeňlik görkezýärler. Korporasiýanyň ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň geologlary diňe bir uglewodorod çig mallaryna baý gorlary tapmak bilenem çäklenmän, ýerasty suw çeşmeleriniň hem-de gazylyp alynýan minerallaryň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleri üçin çig mallaryň ýataklarynyň gözleg-barlag işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 19-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini nygtamak bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bu meselede netijeli işleri geçirmelidigi barada beren görkezmelerinden ugur alyp, bu ekspedisiýanyň häzirki wagtda ýerine ýetirýän işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna doly laýyk gelýänligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada geçen ýylda täze dik guýularyň 83-sinde burawlaýyş işleri üstünlikli tamamlanypdyr. Gürrüňi edilýän ýylda gazylan umumy çuňluk bolsa 6 müň&nbs

Nebit guýularyny ulanmagyň meseleleri

Nebitgaz känleri özleşdirilende, täze guýulary gazmak bilen birlikde, öňki ulanylýan guýularyň hem berýän önüminiň mukdaryny peseltmezlik esasy meseleleriň biridir. Goturdepe hem-de Barsagelmez nebit we gaz ýataklary ulanmagyň giçki döwrüni başdan geçirýär. Bu nebitgaz känleri özleşdirilende, ulanyş guýularynda birnäçe çylşyrymlaşmalar, ýagny guýularyň düýbünde çäge dykysynyň peýda bolmagy, önüm bilen çägäniň bile çykmagy sebäpli, guýy enjamlarynyň zaýalanmagy, ulanyş guýularynyň önüminiň suwlanmagy, guýynyň düýpýaka zolagynda we nasos-kompressor turbalarynda asfalten, şepbik we parafin çökündileriniň emele gelmegi, guýularyň düýpýaka zolagynyň buraw erginleri bilen hapalanmagy we ş.m. ýüze çykýar. Olar guýularyň önümçiligini we işleýiş dowamlylygyny pese gaçyrýar.

Burawda netijeli işler alnyp barylýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ýokary çeperçilikli, çuňňur many-mazmunly eseri bagtyýar raýatlarymyzy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylda täze zähmet ýeňişlerini, belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ylhamyndan dörän bu gymmatly eserde Watanymyzyň ýaşlarynyň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylymda, bilimde, türkmen sportunyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gazanýan guwandyryjy üstünlikleri dogrusynda buýsanç bilen bellenilýär. Kitapda ýaşlara ata Watanymyzy jan-tenden söýüp, oňa perzentlik borjy bilen hyzmat etmek öwüt-ündew edilýär.

Eşrete besleýän işler

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu babatda ilatly ýerleri tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli işler Lebap welaýatynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň netijesinde arzan we amatly ýangyçdan peýdalanýan hojalyklaryň sany ýyl-ýyldan artýar. — Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän Oba milli maksatnamasynyň çäginde geçen ýylda welaýatymyzda döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň 18,4 million manady özleşdirildi. Munuň özi ýyllyk meýilnamanyň 2,4 esse artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Şonuň netijesinde dürli basyşly gaz geçirijileriň 40 kilometre golaýy çekildi — diýip, «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy Agajan Seýidow gürrüň berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Sanly ykdysadyýetiň we gazna biržasynyň ösüşi

Dünýäde sanly ykdysadyýetiň ösmegi netijesinde gazna biržasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. Ykdysadyýeti netijeli ösdürmek üçin şahsy hem-de edara görnüşli taraplaryň wagtlaýyn erkin serişdelerini jemlemegiň we olary ykdysadyýetiň dürli bölekleriniň arasynda täjirçilik esasda paýlamagyň, gaýtadan paýlamagyň zerurdygy hemmelere mälim bolsa gerek. Bu işler bolsa maliýe bazarlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Siz isläň, jahan bazary öýüňize gelsin!

Häzirki wagtda hemmämiz sanly ykdysadyýetiň içinde ýaşaýarys hem-de onuň ýeňilliklerinden peýdalanýarys. Aýlyk haklarymyz plastik kartlara geçýär, internet arkaly hyzmatyň islendik görnüşine töleg geçirip bilýäris. Bu babatda iň esasy öwrülişik hem bazary ýanymyza getirip bilmegimiz boldy. Heý, akylyňa geljek zatmy, dünýä bazaryny öýüňe getirmek?! Sanlylaşan dünýä muny başardy. 2010-njy ýyldan başlap dünýäniň elektron söwda bazary, takmynan, 800 göterim ýokarlandy. Elektron telekeçiligiň giňden kabul edilmeginiň netijesinde, «Amazon», «Alibaba», «eBay», «Walmart» harytlaryň we hyzmatlaryň jahan bazaryna çykmak mümkinçiligini artdyrdy.

«Tesla» ýyllyk kapitalyny 10 milliard amerikan dollaryna ýetirmekçi

Amerikanyň elektromobilleri öndürýän «Tesla» kompaniýasy 2024-nji ýylda ýyllyk kapitalyny 10 milliard amerikan dollaryna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,9 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. «Biz şol bir wagtyň özünde önümlerimiziň öndürilişini artdyrýarys, üç yklymda önümçilik zaowdlaryny gurýarys we giňeldýäris. Şeýle-de akkumulýatorlary öndürmegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarlaýarys we kuwwatlandyryjy beketleriň ulgamynyň çygryny giňeldýäris. Mundan başga-da, özbaşdak dolandyryş we emeli aňyň beýleki çözgütlerine maýa goýýarys» diýip, «Teslanyň» bu baradaky hasabatynda bellenilýär.

Bolgariýada 2025-nji ýylda ýewro dolanyşyga girer

Bolgariýanyň hökümeti 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda ÝB-niň umumy walýutasy bolan ýewronyň dolanyşyga girjekdigini habar berdi. Bu barada Bolgariýanyň maliýe ministri Asen Wasilýew gresiýaly kärdeşi Stawrus Papastawru bilen duşuşykdan soňra mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Gresiýa Bolgariýanyň Şengen Ylalaşygyna (ýada zonasyna) agzalygyna razylyk beripdir. Bu bolsa öz gezeginde guryýer serhetleriniň doly açyljakdygyny, ulaglaryň hereketiniň ýeňilleşjekdigini, bir söz bilen aýdylanda, Bolgariýanyň Ýewrozona goşulmagyny aňladýar.

Bezos 8 milliard dollarlyk paýnamalaryny satar

Amerikaly milliarder Jeff Bezos 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli özüne degişli «Amazon» kompaniýasynyň 50 milliona çenli paýnamasyny satuwa çykarar. Jeff Bezosyň satuwa çykarjak paýnamalarynyň umumy bahasy paýnamalaryň häzirki nyrhy boýunça 8,6 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Mundan başga-da, kompaniýanyň beýleki eýeleri hem degişli döwürde 440 müňden gowrak paýnamalaryny satmagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny gowulandyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi demir ýollaryny moderniezirleme işlerini meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew belläp geçdi. Hususan-da, ýurduň demir ýol menzillerinde bar bolanlary döwrebaplaşdyrmak we daşky gurşawy goramak talaplaryny göz öňünde tutup täze infrastruktura gurmak meýilleşdirilýär.

Gazagystan howa menzillerini ýewropaly maýadarlara bermäge taýýar

Gazagystan howa menzilleriniň 22-sini Ýewropadan bolan maýa goýujylaryň dolandyryşyna geçirmäge taýýar. Bu barada «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» maýa goýujylar forumynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň ulag ministri Marat Karabaýew belledi. «Biz Gazagystanyň galan howa menzilleriniň 22-sini Ýewropanyň hususy maýa goýujylaryna dolandyrmak üçin bermäge taýýar. Munuň özi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda tranzit merkezine öwrülmek üçin uly mümkinçilikleri açýar» — diýip, nygtaýan Karabaýewiň aýdyşy ýaly, howa menzillerini maýadarlara geçirmek hususy maýa goýumlary çekmek we tranzit merkezi hökmünde ösdürmek maksady bilen teklip edilýär.

Ylmy-tehniki ösüşiň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda, esasan-da, gazylyp alynýan ýerli tebigy baýlyklary rejeli we toplumlaýyn ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň esasynda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmek häzirki wagtda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak bolsa ýokary hilli bilimi ösdürmek arkaly ylmy-tehniki ösüşleri gazanmak bilen berk baglanyşyklydyr. 2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» meýilleşdirilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmagyň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, pudagyň kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak, içerki we daşarky bazarla

Halkara ulag geçelgeleri işjeňleşdirilýär

«Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça täze üstaşyr geçelgeleriniň täze ugurlarynyň döredilmegini ýola goýuldy we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe “Lapis Lazuli” we Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr-ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlary we Hytaý-Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran - Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlary döretmek baradaky öňde goýlan wezipeleri  ýerine ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip, “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Özbegistan-Azerbaýjan -Gruziýa, Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan - Eýran ugurlaryndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 6 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirildi.