TNGIZT-de täze önümçilikler ýola goýuldy

5 Fewral 2024
545

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň we «SAE 50 API CF-4» kysymly motor ýagynyň önümçiliginiň ýola goýlandygy hakyndaky hoş habar nebitgaz toplumynyň ähli önümçilik düzümlerinde uly ruhubelentlik joşgunyny döretdi hem-de çig nebiti gaýtadan işlemek bilen dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny subut etdi.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hökümetiň 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza habar berdi. Mejlisde wise-premýer «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar