Halkara ulag geçelgeleri işjeňleşdirilýär

2 Fewral 2024
381

«Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça täze üstaşyr geçelgeleriniň täze ugurlarynyň döredilmegini ýola goýuldy we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe “Lapis Lazuli” we Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr-ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlary we Hytaý-Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran - Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlary döretmek baradaky öňde goýlan wezipeleri  ýerine ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Muňa mysal edip, “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Özbegistan-Azerbaýjan -Gruziýa, Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan - Eýran ugurlaryndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 6 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirildi.

Beýleki habarlar