Siz isläň, jahan bazary öýüňize gelsin!

4 Fewral 2024
301

Häzirki wagtda hemmämiz sanly ykdysadyýetiň içinde ýaşaýarys hem-de onuň ýeňilliklerinden peýdalanýarys. Aýlyk haklarymyz plastik kartlara geçýär, internet arkaly hyzmatyň islendik görnüşine töleg geçirip bilýäris. Bu babatda iň esasy öwrülişik hem bazary ýanymyza getirip bilmegimiz boldy. Heý, akylyňa geljek zatmy, dünýä bazaryny öýüňe getirmek?! Sanlylaşan dünýä muny başardy.

2010-njy ýyldan başlap dünýäniň elektron söwda bazary, takmynan, 800 göterim ýokarlandy. Elektron telekeçiligiň giňden kabul edilmeginiň netijesinde, «Amazon», «Alibaba», «eBay», «Walmart» harytlaryň we hyzmatlaryň jahan bazaryna çykmak mümkinçiligini artdyrdy.

Beýleki habarlar