«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde işleriň depgini artýar

7 Fewral 2024
453

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Il-ýurt bähbitli alnyp barylýan şeýle ösüşli, ýokary netijeli işlere dahylly bolmak hyjuwy her bir zähmet adamsyny joşgunly işläp, oňa öz mynasyp goşandyny goşmaga ruhlandyrýar. Ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşy almagy maksat edinýän welaýatymyzyň önümçilik birleşiklerine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilen meýilnamalary artygy bilen berjaý etmeklerine mümkinçilik berýär.

Şeýle birleşikleriň biri-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigidir. Önümçilik birleşiginde esasan, hyzmatyň iki ugry boýunça, ýagny ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda önümçilik birleşiginiň işgärleriniň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalaryny ýörelge edinmekleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler hem tassyklaýar. «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýyny ýokary zähmet görkezijilerine beslediler. Ilkinji aýda 226 müň tonnadan gowrak halk hojalyk ýükleri daşalyp, meýilnama 100 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Ýükleriň dolanyşygy boýunça meýilnama 5 million 684 müň tonna kilometre barabar bolup, bu baradaky tabşyryga 100 göterim amal edildi.

Beýleki habarlar