"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hem-de tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.W.Korobçenko başlyklyk etdiler. 27-nji awgustda bolan mejlisiň dowamynda iki tarapyň arasynda söwda-ykdysady, nebitgaz ulgamynda, senagatda, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary ulgamynda, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudagynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giň gerimli ösüşleriň üstünlikli ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli önümleriň önümçiligini hem-de olaryň eksport ugurlaryny has-da giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 80-den gowrak kärhana hereket edýär. Ministrligiň garamagyndaky hereket edýän toplumlaryň önümçiliklerinde sütükli we sütüksiz, örme matalaryň, jinsi, şeýle hem öndürilýän matalardan taýýarlanylýan taýýar tikin-örme önümleriniň dürli görnüşleri içerki bazar bilen bir hatarda daşary ýurtlara eksport edilýär. Onuň möçberiniň barha artýandygy bolsa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ugurda öndürijilikli işleri ýola goýan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabrigidir. Kuwwatly awtomatik enjamlar ornaşdyrylan fabrikde önümçilik üstünlikli alnyp barylýar. Onda Germaniýanyň, Şweýsariýanyň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli egriji maşynlarynyň işledilmegi netijesinde, günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär. 2005-nji ýylda işe girizilen bu kärhana zerur bolan çig mal welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Ady agzalýan kärhanada ýanwar — iýul aýlarynda 61 million 51 müň manatlykdan gowrak önüm, ýagny 2 482 tonna nah ýüplük öndürildi. Şonuň 1 241 tonna golaýynyň daşary ýurtlara eks

Hili dolandyrmagyň ýapon tejribesi

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýapon nusgasy. Bu nusganyň hereket etmegi Ýaponiýadaky däp-dessurlara, şahsy bähbitlere garanyňda milletiň bähbitleriniň ileri tutulmagyna, ýokary zähmet düzgün-tertibine we işçileriň jogapkärçiligine, ähli täze zady kabul edip almagyň çalt ösüşine uly derejede esaslanýar. Ýokarda sanalyp geçilenleriň we beýleki faktorlaryň hasabyna önümleriň özüne düşýän bahasynyň ep-esli peselmegi, önümiň ýokary hili gazanylýar. Bu ýapon harytlaryna dünýä bazarynda ýokary bäsleşige ukyplylygyny üpjün edýär» (41-42 s.). Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden hem görnüşi ýaly, önümiň ýokary hiliniň gazanylmagy dünýä bazarynda ýokary bäsdeşlige ukyplylygyň esasy usulydyr. Hili dolandyrmak boýunça dünýä tejribesi degerlilikdir täsirliligini şübhedir ikirjiňlemä sezewar etmek üçin hiç hili esas ýok usullardyr tär ýollary işläp düzdi. Önümiň hilini dolandyrmak boýunça dünýä tejribesi ilkinji başdaky materiallaryň durnukly hilini gazanmazdan, öndürilýän harydyň durnukly hilini üpjün etmegiň mümkin däldigini görkezýär. Şol sebäpli öndürilýän harytlary taýýarlaýjylar bilen çig maly, materiallary we toplumyň ýygyndy bölekleridir şaýlaryny üpjün edijileriň arasyndaky özara baglanyşykly gatnaşyklaryň has ýakyndan berk ysnyşykly ýola goýulmagyna bolan meýiller hasaba alynýar. Bu ösen döwletler

230,4 müň tonna uglewodorod serişdelerini import etdi

Täjigistan 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda umumy möçberi 230,4 müň tonna deň bolan uglewodorod serişdelerini import etdi. Şonuň 208,2 müň tonnasy suwuklandyrylan gazyň hem-de 21 müň tonnasy nebit koksunyň paýyna düşýär. «Howar» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, ýurdy suwuklandyrylan gaz bilen esasy üpjün ediji Gazagystan bolup durýar. Hasabat döwründe import edilen suwuklandyrylan gazyň 94 göterimi Gazagystanda satyn alnypdyr.

Kriptomillionerleriň sany 95 göterim artdy

Dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany soňky 12 aýda iki essä golaý artdy. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä, kriptomillionerleriň sany 172,3 müňe ýetdi. Olaryň tas deň ýarysy, has anyk aýtsak, 85 müňden gowragy bitkoin kriptowalýutasynyň eýeleri bolup durýarlar. Bu barada «Crypto Wealth Report» habar berýär. Hasabat döwründe dünýäde ýene 6 sany kriptowalýuta milliarderi peýda boldy we olaryň umumy sany 28-e ýetdi. Eýelik edýän kriptowalýutalarynyň umumy bahasy 100 million amerikan dollaryndan geçýän adamlaryň sany bolsa 79 göterim artdy. Olar häzirki wagtda 325 sanydyr.

Halkara hasaplaşyklaryň 4,74 göterimi ýuanda amala aşyryldy

Hytaý Halk Respublikasynyň milli pul birligi bolan ýuan halkara hasaplaşyklaryndaky töleg serişdesi hökmünde barha işjeň ulanylyp başlanyldy. Bu barada «SWIFT» töleg ulgamynyň taýýarlan hasabatynda aýdylýar. Hasabatda bellenilişine görä, iýul aýynda dünýädäki halkara hasaplaşyklaryň 4,74 göterimi ýuan arkaly amala aşyryldy. Bu ýuanyň halkara hasaplaşyklarda ulanylyşy boýunça täze rekord görkezijidir. Şol bir wagtyň özünde ýuan halkara hasaplaşyklarda iň köp ulanylýan walýutalaryň hatarynda bassyr dokuzynjy aý dördünji orny eýeledi.

55 milliard kub metr ýokarlandy

2024-nji ýylyň 8 aýynda dünýä bazarynda tebigy gaza bolan isleg 55 milliard kub metr möçberinde ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda dünýä bazarynda tebigy gaza bolan isleg geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 55 milliard kub metrden gowrak ýokarlandy. Tersine, Ýewropada bolsa «mawy ýangyja» bolan zerurlyk azalmagyny dowam edýär. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda we Beýik Britaniýada tebigy gaza bolan isleg geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 milliard kub metr möçberinde peseldi.

Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna

Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna

Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki portlary "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ösüşi arkaly ýük daşamagy artdyrýar

"Demirgazyk - Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň Hazarüsti böleginiň işjeň ösmegi, Hazar deňiz portlarynda, esasanam Astrakhan we Olýa deňiz portlarynda ýük dolanşygyň ösüşinde oňyn dinamika döredýär. Russiýa Federasiýasynyň Astrakhan sebitiniň senagat, söwda we energiýa ministrliginiň habaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Astrakhan we Olýa deňiz portlaryndan ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy we 3,2 million tonna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, import ýükleriň ýedi aýyň dowamynda iberilmegi 64% (623 müň tonna çenli), eksport ýükleri 30% (2,4 million tonna çenli), kenarýaka ýükleri 29% (138 müň tonna çenli)) ýokarlandy. Olýa deňiz porty, Astrakanyň 100 km günortasynda, Wolga derýasynyň deltasynda, Wolga-Hazar deňiz gämi kanalynyň 67 km-de ýerleşýär.

Okamak, öwrenmek — ynsanyň bezegi

Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamy uly ösüşlere beslendi. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalarynyň esasy maksady mekdebe çenli, başlangyç bilim, esasy orta, doly orta, ýokary bilim mekdepleriň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Kompýuter synplary, lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmeklige, okuw, terbiýeçilik, usulyýet işleriniň halkara ýörelgelere laýyk guralmagyna ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegi babatda möhüm işler hem üstünlikli alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylyndan başlap, ýedi sany ýokary okuw mekdebi ýene-de 13 sany täze ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýar

Habarlar

Suw bolçulygyna goşant Welaýatymyzyň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçi-hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler. Olar uzynlygy 180 kilometrden gowrak bolan uly suw akabasyna, şeýle hem ýaplara, zeýkeşlere gözegçilik etmek bilen, olary gyrmançalardan arassalaýyş işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Munuň üçin kärhanada bar bolan, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen, gyrmançany 40 — 45 metr uzaklyga ýetirmäge ukyply läbik sorujylaryň 10-a golaýynyň güýjünden peýdalanylýar. Olara tejribeli işçi-hünärmenler hyzmat edip, bökdençsiz işlemeklerini gazanýarlar. Munuň özi akabalardaky suwuň akyş tizligini artdyryp, ekerançylarymyzyň suwaryş suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegine uly ýardam berýär.

Abadan ýaşaýşyň sakasynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasyndan» ugur alnyp, ýurdumyzyň suw arassalaýjy kärhanalarynda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle desgalaryň biri hem Köýtendag etrabynyň «Magdanlyşäheragyzsuw» müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasydyr. Gije-gündizki kuwwatlylygy 50 müň kub metr arassa agyz suwuny ilata ýetirmeklige niýetlenilen bu döwrebap desga 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanylmaga berildi. Şol seneden bäri etrabyň ýaşaýjylaryna bökdençsiz hyzmat edýän döwrebap desga 26 gektar meýdany tutýar. Desga öz işinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlaryna daýanýar. Mukry suw arassalaýjy desgasyna ini 15 metr, uzynlygy 430 metr bolan akaba arkaly Amyderýanyň suwy getirilýär. Akabany arassalamak üçin kuwwatly gum sorujy ulanylýar. Akabadan getirilen suw sygymy 500 müň kub metr bolan emeli usulda durlaýjy howdana guýulýar. 10 günlük ätiýaçlyk suwa niýetlenilen bu howdan tebigy çökdüriji hökmünde hyzmat edýär. Bu howdandan alnan suw 1-nji suw göteriji bekedinden göterilip, kaskad howalandyrma bölümine berilýär hem-de şol ýerde kislorod bilen baýlaşdyrylýar. Soňra suwda biologiki ösüntgileriň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen hlorlama işi geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde suwdan başlangyç nusga alnyp, barlaghanada onuň bakteriologik hem-de himiki düzümi anyklanylýar. Howalandyrma bölümi

«Hepdeligiň» önümlerine garaşylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa başarjaň telekeçileriň hatarynda tanalýar. Onuň önümhanasynda öndürilýän azyk önümleri ilatyň uly isleginden peýdalanýar. Telekeçi mundan birnäçe ýyl ozal kiçiräk önümhanany açyp, öz önümlerini içerki bazara çykaryp ugrady. Bu ýerde öndürilýän «Hepdelik» haryt nyşanly çörek we çörek önümleriniň, süýji-kökedir peýnir önümleriniň hyrydary barha artyp ugrady. Önümçilige dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen, kämil tehnologiýalara daýanýan enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleriň rowaçlanmagyna ýardam berdi. «Hepdelik» haryt nyşanly önümleriň arasynda ak köke, peýnirli, gaýnadylan, goýaldylan süýtli, bally, dorogly çörek önümleri we dürli tagamly süýjülerdir kökeler, süýtli, ýagly çörekler has uly islegden peýdalanýar. Bu ýerde öndürilýän 32 görnüşli önümiň her biri özüniň datly tagamy, göze gelüwli görnüşi bilen alyjylary özüne çekýär. Şokoladly, bally, maňyzly kökeler, Aý, aýyjyk şekilli keksler bolsa has-da körpeleriň göwünlerine ýaraýar.

Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty degişli ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Milli ýangyç-energetika toplumyna iň täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellärliklidir. Energiýanyň sarp edilişiniň ýagdaýy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, önümçilik we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüş şertleri, şeýle hem dünýä ilatynyň düzümindäki we ýaşaýyş-durmuşyndaky özgerişler, ählumumy derejedäki derwaýys meseleleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Energiýa serişdeleriniň arasynda geljegi uly bolan hem-de halkara guramalar we senagat taýdan ösen hem-de ösüp barýan döwletleriň uly gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biri hem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleridir. Onuň önümçilige ornaşdyrylmagy tutuş dünýäde ählumumy wezipe bolup durýar. Bu ulgamdaky innowasion işläp taýýarlamalar we olaryň tehnologiýa taýdan netijeliligini kesgitlemek geljegi has uly bolan ylmy çözgütleri tapmaga mümkinçilik berer. Bular adamzat durmuşynyň esasy meseleleri bolan Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi, ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerdir.

Ösüşleriň ygtybarly kepili

Täze taryhy döwürde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň sanly ulgama geçilmegi bilen has-da berkidilýändigini durmuş aýdyň görkezýär. Şol sebäpli-de ähli pudaklara bu ulgamy giňden ornaşdyrmak üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgam ösüşleriň ygtybarly kepilidir. Ol milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň ýokary netijeliligini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem ulgamlary we pudaklary innowasion çemeleşmeler esasynda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär. Sanly ykdysadyýetiň doly ornaşdyrylmagy bolsa, bu işlerde üstünlige ýetmegiň gözbaşydyr. Ýeri gelende aýtsak, sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsdeşlige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertidir. Bu ugurda öňde durýan belent wezipeleriň ajaýyp zamanamyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi guwandyryjydyr. Milli ykdysadyýetimiz innowasion esasda ösdürilýär, önümçilige täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň içerki önüminde bu ulgamyň goşandy artdyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi berýär we zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlanmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine ynamly goşulyşmagyny işjeňleşdirip, halkara h

Kuwwatly kärhananyň islegli önümleri

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýylsaýyn belent sepgitlere beslenýär. Gazanylýan ýokary zähmet üstünliklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Sazlaşykly işleýän bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde möhüm orny eýeleýär. Himiýa senagatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan kärhana 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gaz turbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. 

Baýramçylyga zähmet sowgatlary

Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, dürli görnüşli senagat kärhanalarynyň gurluşygyna giň gerim berildi. Olaryň birnäçesi oba ýerlerinde guruldy. Şeýle kärhanalaryň ilkinjileri nah ýüplük egriji fabrikler bolupdy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolup, Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda ýerleşýän nah ýüplük egriji fabrik Lebap welaýatynda ilkinji gurlan şeýle kärhanalaryň biridir. Häzirki wagtda onuň kuwwaty ýylda 5,5 müň tonna ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Öndürilýän önümiň ýarysyna golaýyny daşarky bazara ugratmak meýilleşdirilýär. Ine, şeýle belent wezipäni öz üstüne alan bu kärhana 20 ýyldan gowrak wagt bäri, diňe bir Lebap welaýatynda däl, ýurdumyzda hem ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň hatarynda bellidir. Eýsem, şeýle öňdebaryjylyk nämäniň hasabyna gazanyldy? Bu sowala önümiň hiliniň ýokarylygynyň hasabynadygyny aýdyp, bir söz bilen-de jogap berip bolar. Has anygrak aýtsak, bu fabrikde işledilýän daraýjy, lentalaýjy we egriji maşynlar döwrüň ösen talabyny ödeýär. Dokma önümçiligi üçin pnewmomehaniki egriji maşynlardan ýeke kardly agardylmadyk nah mata ýüplüklerini öndürmek üçin bu ýere gelýän çig maly «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri ýörite enjamlar bilen gözden geçirip, şoňa laýyk güwänamalary berýärler. Diňe şondan soň, önüm harman bölümine kabul edilýär. Bu ýerde bolsa 180 — 200 kilogram ag

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mähriban Watanymyzda ýaýbaňlandyrylýan beýik işler ata-babalarymyzyň halk häkimiýetliligi baradaky başlangyçlaryndan we tagallalaryndan gözbaş alýar. Milli ýörelgelerimizi we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny öz içine alýan halk häkimiýeti ulgamyny döwrebaplaşdyrmak döwletimizi berkarar etmegiň esasy ugrudyr. Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hyzmatlarynyň germini giňeldýär

Gämi gurluşygy we gämi abatlamak pudagyndaky üstünlikleri bilen tanalýan “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody ösmegini dowam etdirýär. Zawodyň esasy ýerine ýetirýän işinde täze bir hyzmat goşuldy – anketalaryň, tekstleriň, deklarasiýalaryň we dürli dillerdäki resminamalaryň terjimesi hyzmaty. Bu täze hyzmat, zawodyň işini diwersifikasiýa etmäge, halkara hyzmatdaşlygyna has ýakyndan birleşmäge we daşary ýurtly müşderiler bilen gatnaşyklaryň netijeligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Täze hyzmat, dürli dillerdäki zerur bolan resminamalaryň ýokary hilli we çalt terjimesini üpjün etmek bilen, terjime hyzmatyna isleg bildirýän müşderileri kanagatlandyrmak üçin peýdaly goşandy bolar.