Halkara hasaplaşyklaryň 4,74 göterimi ýuanda amala aşyryldy

1 Sentýabr 2024
47

Hytaý Halk Respublikasynyň milli pul birligi bolan ýuan halkara hasaplaşyklaryndaky töleg serişdesi hökmünde barha işjeň ulanylyp başlanyldy. Bu barada «SWIFT» töleg ulgamynyň taýýarlan hasabatynda aýdylýar. Hasabatda bellenilişine görä, iýul aýynda dünýädäki halkara hasaplaşyklaryň 4,74 göterimi ýuan arkaly amala aşyryldy. Bu ýuanyň halkara hasaplaşyklarda ulanylyşy boýunça täze rekord görkezijidir.

Şol bir wagtyň özünde ýuan halkara hasaplaşyklarda iň köp ulanylýan walýutalaryň hatarynda bassyr dokuzynjy aý dördünji orny eýeledi.

Beýleki habarlar